Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ‘güýzki sünnet möwsümi’ başlady, organ işgärleri ‘tebip awlaýar’


Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynda 3-5 ýaş aralygyndaky erkek çagalary sünnet etmek möwsümine girişildi diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim ýagdaýda habar berýär.

“Sezon başlandy, keselhanalaryň hirurgiýa bölümlerinde uly nobatlar emele gelýär” diýip, habarçy kähalatlarda tejribesiz lukmana duşan käbir çagalaryň ikinji sapar “operasiýa” edilmeli bolýandygyny sözüne goşdy.

Ol ozallar öýme-öý aýlanyp, isleg bildirýän ene-atalaryň çagalaryny sünnet edýän tebipler barada agzap, soňky bir ýylda olaryň işine nokat goýulandygyny belledi.

“Sezon başladygy organ işgärleri tebip awyna çykýar. Şol sebäpden bu tebipler gorkup, işini togtatmaga mejbur boldular” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmenistanyň güýç edaralary halk tebipçiligi bilen meşgullanýanlara we palçylara garşy wagtal-wagtal göreş yglan edip durýar.

Mundan ozal, mart aýynda polisiýa gulluklarynyň we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri ýerli tebipleri ýygnap, olara çagalary sünnet etmäge rugsat berilmeýändigini, ýogsa-da agyr jerime salynjakdygyny duýdurypdylar.

Şonda birinji gezekde ele düşen tebibe 3 müň manat möçberinde jerime salynjakdygyny, onuň ikinji sapar ele salnan ýagdaýynda tussag ediljekdigini akdepeli bir tebip Azatlygyň çeşmesine gürrüň beripdi.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme türkmenistanly, Türkmenistanda halk arasynda henizem halk tebipçiligi bilen meşgullanýanlara, hem-de palçylara ýüz tutýanlara duş gelinýändigini aýdýarlar.

Synçylar bu mesele bilen bagly ýurduň lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň, hem-de aň-bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp wezipeleriniň ähmiýetine ünsi çekýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan bir daşoguzly “tebipleriň elleri ýeňil bolýardy, hem-de olar elýeter bahadandy” diýip, gürrüňdeşlikde aýtdy.

2016-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanda “Mahabat hakyndaky” kanun güýje girdi. Onda käbir beýleki harytlar we hyzmatlar bilen bir hatarda, “gipnotizorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň, jadygöýleriň hyzmatlaryny” mahabatlandyrmak gadagan edilýär.

Şeýle-de, bu kanun “özlerini wakany öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine we daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlaryny (işlerini) mahabatlandyrmagy”, ýagny reklama etmegi hem gadagan edýär.

Mundan iki ýyl ozal, Daşogzuň güýç edaralary il içinde palçy ýa-da tebip diýip tanalýan 100-den gowrak adamy polisiýa merkezine äkidip, şol ýerde soraga çekdiler, hem-de olardan bu iş bilen meşgullanmagy bes etmegi talap etdiler.

2011-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasy, BMG-niň degişli edaralary dünýäniň käbir ýurtlarynda, hususan-da Afrika ýurtlarynda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, hem-de gigiýena taýdan arassaçylyga goşýan goşandyny nazarda tutup, erkekleriň meýletin sünnet edilmegine howandarlyk edýän programmalary durmuşa geçirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG