Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Ukrainanyň täze karza mätäçdigini aýtdy


Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko Ýewropanyň Ýalta strategiýasy boýunça ýyllyk konferensiýasynda çykyş edýär, Kiýew, 14-nji sentýabr, 2018
Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko Ýewropanyň Ýalta strategiýasy boýunça ýyllyk konferensiýasynda çykyş edýär, Kiýew, 14-nji sentýabr, 2018

Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko öz ýurdunyň Halkara Maliýe Fondundan (IMF) kömege we özüniň agyr bergileri sebäpli goşmaça serişdä mätäçdigini aýtdy.

"Biz goşmaça karz alman oňuşardyk, eger-de köne bergileri tölemeli bolmanymyzda" diýip, Poroşenko 14-nji sentýabrda Kiýewde geçirilen Ýewropanyň Ýalta strategiýasy boýunça geçirilen konferensiýasynda aýtdy.

Onuň bu çykyşy prezidentiň parlamentdäki wekili Iryna Lutsenkonyň Ukrainanyň Halkara maliýe fondy bilen täze ylalaşyk boýunça gepleşik geçirýändigini mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu ylalaşygyň 17.5 million dollarlyk häzirki ýardam programmasynyň ornuny tutjagy aýdylýar.

"Bu Halkara maliýe fondunyň reformalary, parahatçylygy we ylalaşygyň çäginde biziň amala aşyran reformalarymyzyň netijelerini makullaýandygyny we bizi ýene bir programmanyň çäginde üpjün etmäge taýýardygyny aňladýar" diýip, Iryna Lutsenko aýtdy.

Poroşenko konferensiýada eden çykyşynda Ukrainanyň NATO we Ýewropa BiIeleşigine agza bolmak islegini ýene gaýtalady.

XS
SM
MD
LG