Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ÝHHG-ny Türkmenistanda adam hukuklary babatda has köp tagalla etmäge çagyrýar


Harry Kamian, ABŞ-nyň ÝHHG-daky ilçisi

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd 14-nji iýunda Wenada, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşinde bir ýylyň dowamynda öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň eden işleri barada hasabat berdi.

Читайте также на русском

ÝHHG-niň resmi saýtynyň maglumatlaryna görä, ilçi Natalýa Drozdyň ýolbaşçylygyndaky merkez Aşgabatda hukuk temasyndan dürli seminarlary guraýar, emma, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bu gurama ýurtda dowam edýändigi aýdylýan we giň ýaýran hukuk bozulmalaryndan özüni gyrada saklaýar.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň ýolbaşçysy Harry Kamianyň ilçi Drozdyň hasabatyndan soň eden çykyşynda Aşgabatdaky merkeziň gazanan üstünlikleri, hususan-da döwlet serhedine gözegçilik etmek, kiberhowpsuzlygy, terrorizme garşy durmak, din azatlygy hukuklaryny berjaý etmek we beýlekiler boýunça geçirilen semirnarlar bellenilip geçilýär.

Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň ilçisi Aşgabatdaky merkez Türkmenistanyň hökümetini ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçegleriniň çäginde boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge yrmakda has köp tagalla etmeli diýip hasaplaýar.

Birleşen Ştatlar Türkmenistany adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen aragatnaşygy giňeltmegine ýardam etmäge, azatlykdan mahrum edilenleriň ählisiniň garyndaşlaryna olaryň ýerleşýän ýerleri we saglyk ýagdaýlary barada maglumat bermäge çagyrdy.

“Biz belleýäris, ýagdaýlary hakynda ýyllarboýy ynamdar maglumat alyp bolmaýan tussaglaryň arasynda ozal biziň şu ýerde, Hemişelik geňeşde kärdeşimiz bolan Baryt Berdiýew hem bar” diýip, Kamianyň beýanatynda aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde, Birleşen Ştatlaryň Wenadaky missiýasynyň beýanatynda Türkmenistandaky raýat jemgyýetiniň we garaşsyz metbugatyň ýagdaýy barada alada bildirilýär.

Metbugat azatlygy boýunça hasabtalarda Türkmenistanda garaşsyz metbugatyň düýpçden ýokdugy aýdylýar, munuň üstesine resmi Aşgabat garaşsyz žurnalistleriň, şol sanda Azatlygyň habarçysy Soltan Açylowanyň ýanalmagynyň bes edilmegi baradaky çagyryşlara hem baş galdyrmaýar.

“Biz Türkmenistanyň häkimiýetlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekiliň bu ugurda berip biljek ýardamyny doly güýjünde ulanmaga çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň beýanatynda nygtalýar.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlar türkmen žurnalisti we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň hyzmatdaşy Saparmämmet Nepesgulyýewiň berlen tussaglyk möhletini tamamlap, türmeden boşadylandygyny belleýär.

“Biz ozal bu iş boýunça, şol sanda oňa tussaglykda çemeleşilişi we onuň gümürtik neşe saklamak aýyplamasynda günäli tapylmagy barada öz aladamyzy bildirdik” diýip, ABŞ-nyň ilçisi aýtdy.

Mundanam başga, ABŞ-nyň Wenadaky missiýasy ÝHHG-niň demokratiýa we adam hukuklary institutynyň Türkmenistanda 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlary baradaky jemleýji hasabatyna goldaw bildirilýär.

Bu hasabatda Türkmenistandaky ses berişlikde hakyky demokratik saýlaw prosesiniň möhüm alamatlarynyň bolmandygy, syýasy atmosferanyň diňe nominal ýagdaýda köpdürli bolup, saýlawçylara öz pikirini azat aýtmaga şert döretjek syýasy alternatiwalaryň elýeterli bolmandygy bellenilýär.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň bu beýanaty Türkiýede okaýan türkmen studenti, ýakynda öz döreden jemgyýetçilik guramasy barada Azatlyk radiosyna interwýu bereninden soň Türkmenistandaky parlament saýlawlary bilen aldawa salnan Ömruzak Umarkuliýewiň Aşgabatda tussag edilendigi barada resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlaryň ýaýran wagtyna gabat geldi.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG