Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Yzy üzülmeýän çäreler’ edara-kärhanalaryň işgärlerine ‘agram salýar’


Aşgabatda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülýär, 2-nji oktýabr, 2013-nji ýyl (Illýustrasiýa suraty)

Şu günler Aşgabatda 27-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyklar güýçli depginde alnyp barylýar. Taýýarlyklaryň esasyny şäherde arassaçylyk işlerini geçirmekligiň düzýändigini görse bolýar.

Edara-kärhanalaryň işgärleri edara jaýynyň daş-töwereginde arassaçylyk işlerini geçirseler, seýilgählerde baglary timarlap ýören işgärlere, köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna çenli kran diräp, ýaşaýyş we edara jaýlarynyň daşlaryny abatlap ýören işgärlere hem gözüň düşýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan käbir edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu taýýarlyklar sebäpli, edara kärhanalaryň işgärleri her gün diýen ýaly özlerine degişli edara jaýlarynyň daş-töweregini syryp-süpürmäge, edara jaýynyň gapylaryny we penjirelerini ýuwup tämizlemäge mejbur edilýärler.

“Iş ýerimizde arkaýyn oturyp işlemäge goýmaýarlar. Şol bir syryp-süpürmek işini her gün gaýtalap etmäge bizi mejbur edýärler. Işe geleniňde iş eşigini geýip geljegiňi hem bileňok, ýa bolmasa, “gara işe” geýilýän köne-küşül eşigiňi geýip geljegiňi hem bileňok. Şol bir irginsiz gaýtalanýan iş sebäpli, öz esasy işimize elimiz ýetenok” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bank işgäri aýdýar.

Ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, şu günler saglyk öýlerine, hukuk goraýjy edaralara, sosial üpjünçilik bölümlerine, banklara, kazyýet edaralaryna işiň düşüp barsaň, habaryňy alýan adamy tapmak asla kynlaşypdyr.

“Işgärler çärede, ýa bolmasa ýowarda diýip seniň işiň zerurmy ýa-da ýok, ony bitirmek barada alada edilmän, ýaşaýjylara soňra gelmeklerini aýdyp, edarada bar bolan 1-2 sany işgär jogap gaýtarýar. Onsoň alaçsyz yzyňa gaýtmaly bolýarsyň” diýip, Aşgabadyň Köpetdag etrap prokuraturasyna işi düşüp baran Aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, ol özüniň zerur bir meselesi bilen Köpetdag etrap prokuraturasyna ýüz tutmaga barypdyr, emma ony edara jaýyna göýbermändirler.

Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän prokuraturanyň girelgesinde oturan nobatçy oňa häzir işgärleriň çärelerdedigini aýdyp, baýramçylyk geçenden soňra öz meselesi bilen ýüz tutup biljekdigini düşündiripdir.

“Ýowarlar hem her gün däl-de, hepdede bir gezek geçirilse, işgärler üçin ýeterlik bolardy. Her bir edara-kärhanada bagban, tam süpüriji diýen ýaly ýörite işgärler aýlyk alyp, syryp-süpürmek işlerini gündelik ýerine ýetirýärler. Emma zerurlyk bolmasa-da, edara işgärleri göz üçin ýowarlara çykarylýar. Ýokardan gelýän buýruk sebäpli, edara ýolbaşçylary işgärlere agram salýar. Eýýäm birnäçe gezek gaýtalanan syryp-süpürmeler her gün gaýtalanyp, işgärleri esasy işinden goýýar. Emma iş ýeriňi ýitirmejek bolsaň, görkezmä boýun bolup, sesiňi çykarman buýrulany etmäge mejbur bolýarsyň” diýip, bu baýramçylyklaryň, çäreleriň ýyl boýy yzynyň üzülmeýändiginden edara işgärleri zeýrenýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG