Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň baş saýlaw resmisi "galplyga çümen saýlawlaryň" netijelerini ýatyrmaga çagyrýar


RF-nyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa
RF-nyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa

Orsýetiň iň ýokary saýlaw resmisi region häkimiýetleriniň Primor ülkesinde geçirilen dawaly gubernator saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmaklaryny maslahat berdi.

Kummunstler partiýasy bu ýerde Kreml tarapyndan goldanylýan iş başyndaky kandidatyň ses sanaşlygyň soňunda birden öňe saýlanandygyny aýdyp, galplyk edilýändigini öňe sürdi.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa saýlaw resmileriniň juda çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde “düýpli kemçiliklere” ýol berildi diýip netijä gelendigini aýdyp, bu teklibi 19-njy sentýabrda etdi.

Onuň sözlerine görä, saýlaw mahalynda ses sandyklaryny öňünden doldurmak, ses sanawlaryny galplaşdyrmak ýaly bikanun usullara ýüz uruldy.

"Biz Primor ülkesiniň saýlaw komissiýasyna gubernator saýlawlarynyň netijelerini kanuny däl diýip yglan etmegi maslahat berýäris” diýip, Pamfilowa aýtdy.

Eger region häkimiýetleri bu teklibi kabul etseler, ol täze saýlawyň üç aý möhlet içinde geçiriljekdigini aýtdy. Adatça, Orsýetde ýerli resmiler Moskwadaky merkezi hökümetiň berýän maslahatlaryna juda seýrek garşy çykýarlar.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putiniň hem bu saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyna gol ýapýandygyny bildirip, “elbetde, adminstrasiýa Merkezi Saýlaw komissiýasynyň pozisiýasyna gadyr goýýar we ony goldaýar” diýdi.

Bu rekomendasiýa-maslahat paýtagty Wladiwostok bolan Uzak Gündogar regionynda, Kremliň kontrollygyndaky Birleşen Orsýet partiýasynyň kandidaty, iş başyndaky gubernator Andreý Tarasenko soňky pursatda, birden kommunist garşydaşy Andrei Işçenkony “tozana garyp”, öňe saýlanandan soň dörän dartgynlyklaryň arasynda berildi.

17-nji sentýabrda Wladiwastokda ýüzlerçe adam proteste çykdy we Kommunistler partiýasy ses sanaşlyk düzgünleriniň birnäçe etrapda bozulandygyny aýdyp, suda şikaýat etmäge taýýarlanyp başlandygyny aýtdy.

Pamfilowa köp sanly düzgün bozmalara, şol sanda sesleriň satyn alynmagyna, adamlaryň gorkuzylyp ses berdirilmegine ýol berlendigini, saýlaw resmileriniň yglan edilen netijeleriň sebitiň saýlaw uçastokalrynda ses beren halkyň isleglerini şöhlelendirýändigini anyklap bilmändigini aýtdy.

16-njy sentýabrda geçirilen gaýtadan ses berişlik şol günüň ertesi irden ses sanaşlygyň jemleýji pursatlarynda dawa-jenjele uçrady.

Sesleriň 95 prosentiniň sanalmagy bilen,Tarasenko Işçenkodan 6 prosente golaý yzda barýardy, emma resmiler ses sanaşlyk 99.1 prosente ýetende, birden resmi görkezijileriň iş başyndaky gübernatoryň öz bäsdeşinden 7,644 ses bilen öňe geçendigini aýtdylar.

Kommunistler bu öwrülişigi netijeleriň galplaşdyrylmagy hökmünde häsiýetlendirdiler. Birleşen Orsýet partiýasy bolsa, öz gezeginde, kommunistleri düzgün bozmalarda, şol sanda sesleri satyn almakda aýyplady.

Kommunstleriň lideri Gennadiý Zýuganow prezident Putine ýüz tutdy we onuň bu ýagdaýa gatyşmagyny sorady. Şeýle-de ol, eger bu meselede progres bolmasa, 22-nji sentýabrda ýurt boýunça protest aksiýalaryny geçirmegi wada berdi.

Kreml tankytçylary Kommunistler partiýasyny Putiniň dolandyryş ulgamynyň çeýe bir bölegi hasaplaýarlar, sebäbi bu partiýa Putiniň başlangyçlaryny ýygy-ýygydan goldap çykyş edýär.

Emma regional derejedäki basdaşlyk hem çyn, şol bir wagtda kommunistleriň islendik ýeňşi Putin üçin-de, Birleşen Orsýet partiýasy üçin-de örän kejikdiriji, sebäbi olar syýasatda bütin ýurda agalyk edýärler.

XS
SM
MD
LG