Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky täjik ilçihanasynyň öňünde bolan waka barada anonim diplomat Azatlyga hat ugratdy


Aşgabat: Täjigistanyň ilçihanasynyň öňünde nobata çydamadyk zenan huşuny ýitirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:58 0:00

Aşgabat: Täjigistanyň ilçihanasynyň öňünde nobata çydamadyk zenan huşuny ýitirdi

Geçen aý Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde bolan hadysa barada anonim täjik diplomaty Azatlyk Radiosyna 20-nji sentýabrda golsuz hat ugratdy. Hatyň Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň adyndan ýaýradylandygy aýdylýar, ýöne şol bir wagtyň özünde, ol resmi alamatlary özünde jemlemeýär.

Hatyň sözbaşynda “Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda wiza nobatyna garaşýan aýalyň “ölümi” bilen bagly Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumaty” diýilýär.

Anonim diplomat bu hatyň telefondaky göçürmesiniň suratyny Azatlyga ugratdy.

Ýatlasak, 21-nji awgustda Aşgabatdaky täjik ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň öňünde ogly üçin wiza nobatyna garaşýan bir zenan maşgala huşuny ýitirensoň, onuň hassahana äkidilendigi we ýolda aradan çykandygy habar berildi. Bu barada Azatlyk Radiosy wakanyň şaýatlaryna, hem-de redaksiýa gowşan wideo ýazga salgylanyp, 29-njy awgustda habar berdi.

“Käbir köpçülikleýin maglumat serişdelerinde, hamala, 21-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde uzyn nobata garaşýan aýalyň ölendigi barada maglumat ýaýradyldy. Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bu wakanyň ähli jikme-jikligini anyklap, şu aşakdakylary habar berýär” diýip, bu günki hatda aýdylýar.

Onda hadysanyň 21-nji awgustda däl-de, 17-nji awgustda bolandygy, nobata garaşýan zenanyň saglyk ýagdaýynyň soňlugy bilen gowulaşyp, häzirki wagtda onuň Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýaşaýandygy aýdylýar.

Wakanyň şaýatlary Azatlyga ugradan maglumatlarynda gürrüňi edilýän zenanyň adyny Gözel diýip tutdular, hem-de onuň öz ogluna wiza almak üçin nobata garaşan wagty heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Bu günki hatda şol aýalyň oglunyň ady Atamyrat diýip tutulýar.

Maglumatyň Azatlykda çap edilmeginden bir hepde soň, 4-nji sentýabrda Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gizlinlik şertinde waka bilen bagly käbir goşmaça maglumatlary beripdi.

"Birnäçe günüň dowamynda wizalary bermek boýunça kompýuter sistemasynda näsazlyk döredi we bu howanyň aşa gyzyp, 40 gradusdan geçen wagtyna gabat geldi. Netijede, öz ogluna wiza almak üçin nobatda duran bir zenan hakykatdan hem özüni erbet duýdy. Emma oňa medisina kömegi berlensoň, ol özüne gelip, onuň ýagdaýy gowulaşdy" diýip, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili şonda gürrüň beripdi.

Bu günki hatda-da şol aýal maşgalanyň nobata garaşýan wagty saglygynyň ýaramazlaşandygy tassyk edilýär, hem-de oňa öz wagtynda Tiz kömegiň berlendigi aýdylýar.

Azatlygyň bu gün Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan maglumat almak synanyşygy ýene-de bir gezek netijesiz boldy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, täjik wizasyny almak üçin ilçihananyň öňünde ýüzlerçe adamlyk nobatlar emele gelipdir. Nobata duranlaryň käbiri garaşyp, ilçihananyň öňünde birnäçe hepdeläp durmaly bolýarlar, emma şonda-da wiza alyp bilmän kösenýärler.

Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatlar täze okuw ýylynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri wiza almak üçin ilçihana ýüz tutýanlaryň esasy böleginiň studentlerdigini aýdýar.

Täjigistan türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak üçin barýan esasy ýurtlarynyň biridir. Garaşsyz çeşmeleriň käbir maglumatlaryna görä, Täjigistanda 4 müň çemesi türkmenistanly bilim alýar.

XS
SM
MD
LG