Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde dört mekdep okuwçysy öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşogzuň etraplarynyň birinde bolan ýol heläkçiliginde dört mekdep okuwçysy öldi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy habar berýär.

“Geçen ikinji güni, ýagny 18-nji sentýabrda gündiz sagat 2:30 töweregi elhenç ulag hadysasy boldy. Dört sany 8-nji klas okuwçysyny 37 ýaş töweregindäki bir raýat öz ulagy bilen kakyp öldürdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda ýol heläkçiliginiň anyk haýsy etrapda we nirede bolandygy barada maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, mekdep okuwçylaryny ulagy bilen kakyp öldürendigi aýdylýan raýat Russiýada işläp, gazanç edip geleninden soň “Toyota Camry” kysymly awtoulagy satyn alýar. Onuň heniz sürüjilik şahadatnamasynyň we sürüjilik tejribesiniň hem ýokdugy aýdylýar.

Habarçymyz mekdep okuwçylarynyň we ulag sürüjisiniň şahsyýeti barada häzirlikçe köpçülige hiç bir maglumat berilmeýändigini, ýöne ýol hadysasynyň bolan ýeriniň golaýyndaky mekdebiň töwereginde howpsuzlyk gözegçiliginiň güýçlendirilendigini aýtdy.

Şeýle-de, ol bu betbagtçylykdan soň, welaýatyň mekdeplerinde “polisiýa okuw sapaklarynyň geçirilip başlanandygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu ýol hadysasy barada maglumat almak üçin Daşoguz welaýat häkimligi we polisiýa bölümi bilen habarlaşanda, häzirlikçe haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda adam pidalaryna getirýän ýol heläkçilikleri we ýol hadysalary barada maglumat bermeýärler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýa-da Statistika baradaky döwlet komiteti hem bu baradaky statistiki sanlary köpçülige hödürlemeýär.

13-nji awgustda Mary – Lebap magistral ýolunyň 200-nji kilometrinde, ýagny Türkmenabat şäherinden takmynan 50 kilometr aradaşlykda ýol heläkçilik hadysasy boldy. Ulag heläkçiliginde adam ýitgileriniň hem bolandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berdiler.

15-nji maýda bolsa, Azatlyk Radiosy öz websaýtynda Aşgabadyň “10 ýyl abadançylyk” we Ankara köçeleriniň çatrygynda bir awtoulagyň 10-11 ýaşlaryndaky üç sany gyz çagany kakyp heläkländigi barada makala çap etdi.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly ýurduň media serişdelerinde bu bolýan ýol heläkçilikleri barada habar berilmeýär. Emma ýurduň hökümetçi saýtlary garaşsyz çeşmelerde nähilidir bir ýol hadysasy barada maglumat peýda bolsa, dessine türkmen resmileri diýilýän adamlara salgylanyp ret edýärler.

Meselem, 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobusyň “Nissan Versa” kysymly ýeňil maşyn bilen çakyşyp agdarylandygyny habar berdi. Bu habar Azatlygyň websaýtynda çap edilenden takmynan 1 sagat soň, türkmen hökümetine ýakyn “Türkmenportal” neşiri wakany dessine ret edip, ýörite makala çap etdi.

Galyberse-de, häzirki wagt Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlyk dowam edýär. Tutuş sentýabr aýyny öz içine alýan bu biraýlygyň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklary esasan awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesine hem-de ýurtdaky magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirýärler.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary kemçilikleriň düzedilmeýändigini, bidüzgünçilikleriň sanynyň azalmaýandygyny aýdyp, 1-nji sentýabrdan başlap köçelerdäki ýol inspektorlarynyň sanynyň ençeme esse köpelendigini we “ýol paralarynyň” mukdarynyň adatdakysyndan ençeme esse ýokarlanandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG