Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýada eneler maliýe hemaýatyň azaldylmagyna garşy protest geçirdiler


Illýustrasiýa suraty.

Serbiýanyň paýtagty Belgradda eneler we göwreli zenanlar hökümetiň çagaly maşgalalara berilýän maliýe hemaýatyny kesmegine garşy protest geçirdiler.

Aýal-gyzlar, şeýle-de olaryň ýan-ýoldaşlary we çagalary Belgradyň merkezinden hökümetiň baş edarasyna çenli ýöriş geçirdiler.

Protest çäresi sosial ulgamlarda döredilen Eneler Kanundyr atly topar tarapyndan gurnaldy.

Üç aý mundan ozal, serb kanunçykaryjylary çagaly maşgalalara we geljekki enelere berilýän maliýe hemaýatlaryny kesýän kanun düzedişlerini kabul etdiler.

Täze düzedişlere görä, Serbiýada ýaş enelere berilýän aýlyk maliýe kömegi müň dinara, ýagny 10 ýewro çenli azaldyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG