Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbede GDA guramasynyň sammiti geçýär, oňa Berdimuhamedow gatnaşmaýar


GDA guramasynyň döwlet baştutanlarynyň ýygnagyndan bir pursat. Arhiwden alnan surat
GDA guramasynyň döwlet baştutanlarynyň ýygnagyndan bir pursat. Arhiwden alnan surat

27 – 28-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Geňeşe Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmaýar.

Ol 14-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda GDA-nyň geňeşine gatnaşjak türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etmegi ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Pürli Agamyradowa tabşyrdy.

Agamyradow ýurduň bilim pudagyna gözegçilik edýär.

Eýsem, türkmen prezidenti näme sebäpden regional sammite öz ornuna derek orunbasaryny ugradýar!? Azatlyk Radiosy bu sorag bilen Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere ýüzlendi.

"Gowşaýan" täjik-türkmen gatnaşyklary

Ol bu ýagdaýyň mümkin bolan käbir sebäpleri barada gürrüň berdi:

“Prezidentiň Geňeşe gatnaşmazlyk boýunça alan karary örän täsin. Munuň mümkin bolan sebäplerini düşündirýän käbir ýagdaýlar bar. Mälim bolşy ýaly, golaýda täjik tarapy Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bilen özleriniň gyzyklanmazlyk ähtimallygyny aýdyp çykyş etdi. Şondan soňra beýleki bir täjik resmisi Täjigistanyň heniz hem bu taslama bilen gyzyklanýandygyny aýtdy, ýöne elbetde dörän bu ýagdaý täjik-türkmen gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etdi” diýip, Panniýer belledi.

20-nji sentýabrda Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzoda Orsýetiň “Kommersant” neşirine beren interwýusynda öz ýurduny Türkmenistanyň üstünden Owganystana birleşdirjek demirýol proýektiniň gurluşygynyň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdigini aýtdy.

Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 22-nji sentýabrda seýrek beýanat ýaýratdy we özleriniň Täjigistanyň TOT demirýol proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýtdy.

Türkmen tarapynyň beýanatyndan soňra Täjigistanyň transport ministrligindäki ýokary derejeli bir resmi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna TOT proýekti boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdi.

Panniýer türkmen prezidentiniň Duşenbede geçirilýän sammite gatnaşmazlyk boýunça alan kararynyň mümkin bolan ikinji sebäbine salgylandy:

“Şeýle-de, türkmen-eýran serhedinde Türkmenistanyň üstünden geçmegine rugsat berilmeýän täjik ýük ulaglary boýunça mesele bar. Täjigistana barýan şol ýük ulaglary geçirilmeýär, gijikdirilýär. Täjigistan ýükleriň öz ýerine gowuşmagyny isleýär. Bu ýerde hata kimde, bu anyk belli däl. Ýöne anyklap aýdylanda türkmen-täjik gatnaşyklary häzir soňky ýyllardaky ýaly ysnyşykly däl. Şonuň üçin, GDA sammitiniň Duşenbede geçirilmeginiň özi [prezidentiň oňa gatnaşmazlyk barada alan kararyna] täsir edendir” diýip, Panniýer belledi.

Ýatlasak, täjigistanly bir ýük ulag sürüjisiniň 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna telefon arkaly beren gürrüňinde Täjigistana barýan 100-e golaý ýük ulagyň Türkmenistanyň üstünden tranzit geçmegine rugsat berilmeýändigini habar berdi.

Agza ýurtlaryň käbiri bilen aradaky gatnaşyklaryň "netijesizligi"

“Belki-de Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň aglabasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligine ynanmaýandyr, bu ýagdaý onuň sammite gatnaşmazlygyna sebäp bolandyr. Nyýazowyň döwründe-de şeýle bolýardy” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Ol gürrüňdeşlikde türkmenistanly ýokary derejeli resminiň, meselem, daşary işler ministri Meredowyň, ýa-da prezidentiň ogly, şol sanda daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, ýa-da bolmasa mejlisiň başlygynyň türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etmeýändiginiň özüniň Türkmenistanyň bu sammite ähmiýet bermeýändiginiň alamaty bolup biljekdigini sözüne goşdy.

“Belki-de [türkmen tarapy] GDA guramasyna girýän käbir ýurtlardan zerur bolan goldawa eýe bolup bilýän däldir. Munuň rus-türkmen gatnaşyklary bilen ilteşigi bardyr. Bilişimiz ýaly, awgust aýynda Kaspi deňziniň kanuny statusy boýunça sammit geçirildi. Ilkibaşda göräýmäge hemme mesele çözülen ýalydy, ýöne aradan sanlyja gün geçenden soň, Berdimuhamedow Putin bilen ikiçäk duşuşdy. Şondan bäri Orsýet tarapy Kaspi ylalaşygyna gol çekilen-de bolsa, bu ylalaşygyň degişli ýurtlara özbaşdak Trans-Kaspi gazgeçirijisini gurmaga rugsat bermeýändigini aýdyp, çykyş edip başladylar” diýip, Brýus Panniýer belledi.

Ol prezidentiň sammite gatnaşmazlyk karary bilen bu ýagdaýyň arasynda gatnaşygyň bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Türkmenistan 2005-nji ýylda özüniň bitaraplyk statusyna esaslanyp, guramada assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.

Arkalaşyga başlyklyk etmek nobaty üstümizdäki ýyl Türkmenistana ýeter.

Brýus Panniýer GDA guramasyna nobatlaýyn başlyklygyň ýurtlaryň atlarynyň elipbiý tertibine esaslanýan bolmagynyň ahmaldygyny çaklady. Geçen ýyl gurama Russiýa ýolbaşçylyk edipdi, oňa bu ýyl Täjigistan, indiki ýyl Türkmenistan başlyklyk edýär.

Mundan ozal, Türkmenistan Arkalaşyga 2012-nji ýylda-da başlyklyk edipdi.

Berdimuhamedow 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Nýu-Ýorka sapar edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG