Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan sentýabra geçirilen Garaşsyzlyk baýramynda “Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy” şygaryny dolanyşyga girizdi


Baýramçylyk prezident G. Berdimuhamedowyň ilata berilýän ýeňillikleri ýatyran wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Arhiw suraty

Türkmenistan 26 ýyllap 27-nji oktýabrda bellän Garaşsyzlyk gününi birinji gezek 27-nji sentýabrda belledi we baýramçylyk paradyndan geçen harbylar täze, ozalky “Halk, Watan, Türkmenbaşy” şygaryny ýatladýan “Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy” şygaryny dolanyşyga girizdiler.

Bu baýramçylyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilata gaz, tok, suw we nahar duzuny mugt bermek düzgünini ýatyran, jemagat hojalygy hyzmatlaryndaky ýeňillikleri ýatyrmagy teklip eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň Aşgabatdaky dürli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, bu baýramçylyk has güýçlendirilen hüşgärlik çäreleri, ýaşaýjylaryň hereket azatlygynyň öňki ýyllarda garanda hem aşa çäklendirilmegi bilen tapawutlandy.

Düýn agşam sagat 19-da “10 ýyl Abadançylyk” köçesiniň ugrundaky awtoduralgalardaky maşynlary kowmaga başladylar, maşynlar jaýlaryň arkasynda gizlendi. Ir sagat 4-de köçäniň ugry graždan we polsiýasiýa eşiklerini, harby lybaslary we sport formalaryny geýen, elleri rasiýaly adamlardan doldy, olar aşakdan gygyryp, açyk duran äpişgelere çenli ýapdyrdylar” diýip, bu köçäniň boýunda ýaşaýan çeşme habar berdi.

Şeýle-de çeşmeler şäheriň merkezinde hiç bir awtoulag hereketiniň ýokdugyny habar berýärler.

“Köçeleri ýapmak 24-nji sentýabrdan başlandy. Şol gün ir sagat 9-da protokol köçeleriň we şolara tarap sowalgalaryň hemmesi agşam sagat 24-e çenli ýapyk boldy. Şondan bäri protokol köçelerini ýapmak dowam etdirildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köçelere girmek gadagançylgy baýramçylygyň geçýän ýerinden orta hasap bilen 3,5-4 kilometr uzaklykdan, “10 ýyl Abadançylyk” köçesinden başlanýar.

Türkmenbaşy şaýoluna, Ata Türk köçesine, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk şaýollaryna şo ýerden girmek gadagan. Magtymguly şaýolunyň hem belli bir bölegi ýapyk dur. Awtoulag hereketine iň uly täsir ýetirýän bolsa Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ýapylmagy bolup durýar, sebäbi ol şäheriň ortasyndan geçýär we häzir onuň ýapylan bölegi 10 kilometre barabar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Hereket çäklendirmesi bilen bilelikde, ýaşaýjylar bu ýyl tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň we beýleki adamlaryň aşa köpeldilendigini habar berýärler.

Polisiýa degişli maşynlar beýle köpdür öýdemokdym, emma häzir köçeler polisiýanyň dürli gulluklaryna degişli maşyndan, polisiýa işgärinden doly. Olar protokol köçelerden esli aralykda, baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinden 4-5 km uzaklykda, jaýlaryň arasynda goýlan maşynlary hem çykaryp kowýarlar” diýip, “Parahat” etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Şeýle-de ýaşaýjylar protokol köçeleriniň golaýyndaky adamlaryň şu gün ir sagat 7-8-den sagat 10-a çenliöýlerinden çykarylmandygyny, hatda olaryň çagalary bilen daş işige çykyp oturmaklaryna hem rugsat berilmändiginui habar berýärler.

“Adamlara diňe döwlet tribunasy diýilýän ýerdäki dabaralar başlanandan soň öýlerinden çykmaga rugsat berdiler, şoňa çenli gapylaryň agzy polisiýa eşigindäki, harby gullukçylaryň eşigindäki adamlar tarapyndan berk garawullandy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Garaşsyzlyk baýramy sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri welaýatlardan gelýän maşynly adamlaryň hem ýoluny kynlaşdyrdy. Olar indi 10 gün bäri, maşynlarynyň reňki ak we gowy ýuwlan bolan ýagdaýynda, paýtagtyň 10-15 kilometr golaýyna gelip bilýär, şondan aňryk geçirilmeýär diýip, çeşmeler habar berýär.

Ýaşaýjylar bu baýramçylyk dabarasynyň öňkülerden uzak dowam edendigini, hereket çäklendirmesiniň bolsa, esasy dabaralar sowlandan soň hem, “köpçülikleýin gezelençler” diýilýän sebäpli dowam etdiriljekdigini habar berýärler.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni mundan öň 27-nji oktýabrda bellenilýärdi. Sebäbi Türkmenistan 1924-nji ýylda özüniň özbaşdak döwletdigi hakynda jarnama kabul etdi we şol ýylyň 27-nji oktýabrynda sowet hökümeti tarapyndan respublika hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi baýram edýän senesi geçen ýyl üýtgedildi we munuň sebäbi düşündirilmedi.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG