Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Eýran sanksiýalary netijesinde bahalaryň galmagyny gowşatmak üçin ätiýaç nebitini ulanmajagyny aýdýar


ABŞ-nyň Energiýa sekretary Rik Perri

Energiýa sekretary Rik Perri Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň, Eýranyň nebit pudagyny nyşana alan sanksiýalryň noýabrda güýje girjek wagtynda, bahalaryň asmana galmagynyň öňüni almak üçin, öz ägirt uly nebit ätiýaçlyklaryndan nebit goýbermegiň pikirini etmeýändigini aýdýar.

ABŞ-nyň Strategiki Nebit ätiýaçlyklary, dünýäde hökümet tarapyndan toplanan iň kän möçberdäki nebit ätiýaçlygy bolup, ondan nebit goýberilmegi nyrhlara diňe ujypsyz we az wagt täsir ýetirer” diýip, Perri 26-nji sentýabrda žurnalistlere aýtdy.

Nebit ekspertleri prezident Donald Trampyň adminstrasiýasynyňýokarlanýan bahalary haýallatmak üçin, hususan-da 6-njy noýabrda geçiriljek kongres saýlawlaryndan öň,nebit ätiýaçlyklaryny ulanmak ähtimallygy barada aýlap gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, noýabrdaky saýlawlar Trampyň respublikan partiýasynyň Kongresdäki kontrollygy yzyna alyp-almajagyny kesgitlemeli.

Nebit bahalary maýda, Tramp özüniň 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilýändigini we Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary dikeltjegini yglan edeninden soň ýokarlandy.

Brent markaly nebitiň bahasy şu hepde Londonda $82.55-e çenli ýokary galdy, bu 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary baha bolup,belli bir derejede ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň dikeldilmegi sebäpli dörän aladalar bilen bagly.

Nebit bahalarynyň ýokarlanmagy Tramp we onuň kongresdäki respublikan egindeşleri üçin syýasy töwekgellik döredýär, çünki olar ABŞ saýlawçylary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we ses berijileriň käbiri transport harajatlarynyň artmagyna gahar edýär.

ABŞ-nyň Tehsas we Luizina ştatlarynda ýer astyndaky ammarlarda saklaýan nebit ätiýaçlygy häzir 660 million barrele barabar.

Bu nebit ätiýaçlygy esasan adatdan daşary ykdysady ýagdaýlar üçin saklanylýar, emma ABŞ-nyň kanunçylygy astynda, adatdan daşary ýagdaý bolmasa-da, hökümet bu ätiýaçlykdan birnäçe hepdäniň dowamynda 30 million barrele çenli, ýa-da bolmasa, Birleşen Ştatlaryň 36 sagatda ulanýan nebitiniň möçberinde nebit satyp bilýär.

Perri 5-nji noýabrda, Eýranyň nebit pudagyna garşy girizilen sanksiýalar güýje girende, bahalaryň gysga wagtlyk ýokarlanyp biljekdigini, emma özüniň dünýä nebit üpjünçiliginiň ýetip gelýän sanksiýalary kabul edip biljeginden arkaýyndygyny aýtdy.

"Sanksiýalar güýje girende, biziň boşluklary doldurmak üçin käbir mümkinçiliklerimiz bar” ol sözüniň üstüni ýetirdi we “bazaryň eýýäm uýgunlaşandygyny belledi.

Boglan eýran eksportynyň ornuny dolduryp biljek ýurtlaryň biri hem Yrak bolup durýar diýip, Perri aýtdy. Onuň hasaplamalaryna görä, eger Bagdat Yragyň Kürt awtonom regionyndan geçiriji arkaly demirgazyga nebit akdyrylmagyna ygtyýar berse, bazara goşmaça günde 300 müň barrel nebit gelip bilerdi.

Şeýle-de ol, Saud Arabystany bilen Kuweýtiň Bitarap zonadaky nebit ýataklaryndan, eger olar munuň ulanylmagyna razy bolsa,bazara günde goşmaça 300 müň barrel nebitiň gelip biljekdigini aýtdy.

Orsýetli we nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasyna girýan nebit öndürijiler hepde ahyrynda duşuşdylar, emma Trampyň gaýta-gaýta nebit önümçiligini artdyrmaga çagyrmagyna garamazdan, nebit çykarmagyň gyssagly artdyrylmagyny goldamadylar.

Waşington Eýranyň nebit pudagyna garşy iki ýyl gowrak ozal ýatyrylan sanksiýalary dikeltmek çärelerini görýär, bu sanksiýalar Tähranyň ýadro aktiwliklerini togtatmagynyň deregine ýatyrylypdy. Ak tam, öz söwdalaryny 0-a çenli azaltmalydygyny ýa-da temmilerini aljagyny aýdyp, Eýranyň müşderilerine hem duýduryş berdi.

Emma Perri Waşingtonyň käbir ýurtlaryň nebit söwdasyny ýuwaş-ýuwaşdan kemeltmegini hem kabul etjekdigini, öz pikiriçe, sanksiýalaryň söwdany wagtyň geçmegi bilen barha kän çäklendirmek esasynda, “kem-kemden” hem amala aşyrylyp biljekdigini aýtdy. Emma ol bu ugurda başga jikme-jiklikleri aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG