Merkezi Eýranyň Şiraz şäherinde tussag edilen iki bahaýyny “goldandygy” üçin şähär geňeşiniň agzasy tussag edildi diýip, hökümetiň resmi IRNA habar gullugy habar berýär.
Şiraz şäher geňeşini agzasy Mehdi Hajati, aýdylmagyna görä, geçen hepde twitterde “iki sany bahaýy dostumy türmeden boşatdyrmak üçin meniň kakmadyk gapym galmady, emma olary boşadyp bilmedim” diýip ýazanyndan soň tussag edildi.
“Daşarky duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyzda, biziň neslimiziň borjy sud proseduralaryny we sosial adalatlylygy gowşadýan beýleki [aksiýalary] reforma etmekden ybarat” diýip, Hajati 25-nji sentýabrda twitterde çap eden beýanatynda aýtdy.
IRNA 28-nji sentýabrda Şirazdaky geňeş agzasyna salgylanyp, Hajatiniň rewolýusiýa sudunyň beren buýrugyndan tussag edilendigini aýtdy.
Bahaýylar Eýranda döwlet tarapyndan yzarlanylýar we olaryň dini ynanjy ýurduň konstitusiýasy tarapyndan ykrar edilmeýär.
Geçen ýyllarda bahaýylaryň köpüsi ýokary bilim almakdan mahrum edildi, olaryň biznesleri ýapyldy. Olaryň köpüsi dini ynançlary üçin ýanaldy.
Nýu-Ýorkda Eýrandaky adam hukuklaryny goramak bilen bilen meşgullanýan merkeziň 28-nji sentýabrdaky hasabatynda Eýranda 23-nji awgustdan 23-nji sentýabra çenli aralykda Aňtaw ministrligi tarapyndan bahaýy dininiň 17 agzasynyň tussag edilendigi aýdylýar.