Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidentiň Nýu-Ýorka edýän saparynda hukuk toparlary mejbury zähmete garşy çäre geçirýär


Illýustrasiýa suraty

Şu gün halkara hukuk toparlary prezident Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest çäresini geçirýär.

Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäklerinde 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Nýu-Ýorka sapar edýär.

Agzalýan protest çäresini pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şeýle-de çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy iş alyp barýan “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa we onuň düzümine girýän toparlar geçirýär. Bu protest çäresiniň guramaçylygyna “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti hem gatnaşýar.

Neşiriň baş redaktory Ruslan Mätiýew 1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda meýilleşdirilýän çäräniň maksady, onuň wagty we şeýle çäräni geçirmek bilen özleriniň göz öňünde tutýan netijeleri barada gürrüň berdi:

“Bu Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki Baş binasynyň öňünde “Cotton Campaign”, ýagny “Pagta kampaniýasy” we şoňa girýän birnäçe guramalar protest geçirýär. Protestiň esasy maksady, bilişimiz ýaly, Türkmenistanda häzir pagta ýygym möwsümi başlady, pagta meýdanlarynda hökümet tarapyndan ulanylýan mejbury zähmeti bes etmek, hem-de mejbury zähmet barada maglumat taýýarlaýan, ýygnaýan, hem-de ýaýradýan aktiwistleriň yzarlanmagyny, olaryň dürli represiýalara çekilmegini bes etdirmekden ybaratdyr” diýip, Mätiýew belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet barada maglumat taýýarlaýan türkmenistanly aktiwist Gaspar Matalýew 2016-njy ýylda sud edilip, oňa 3 ýyl iş kesildi:

“Biziň pikirimizçe şol sud, şol iş nähak boldy. Bigünä adam türmä basyldy” diýip, Mätiýew belledi.

“Şol protestiň maksady – Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň, hem-de prezident Berdimuhamedowyň mejbury zähmet meselesine ünsüni çekmek, hem şol mejbury zähmeti bes etmek” diýip, ol sözüne goşdy.

“Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa 18-nji sentýabrda Facebook sosial ulgamynda bildiriş ýaýradyp, meýilleşdirilýän protest çäresi barada öňünden habar berdi.

“1-nji oktýabr güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş eder. Türkmenistan ýurtda häzirki wagtda dowam edýän pagta möwsüminiň dowamynda mugallymlary, doktorlary, şepagat uýalaryny we hökümet işgärlerini pagta ýygmaga mejbur edýär. Galyberse-de, çagalar heniz hem ýurduň pagta önümçiligine mejbury çekilýär. BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterrişi we türkmen prezidentini bu çäreleri bes etmäge çagyrmak boýunça bize goşulyň!” diýip, “Pagta kampaniýasynyň” resmi websahypasynda prezidentiň Nýu-Ýorka edýän saparynyň öňýany maglumat ýaýradyldy.

Türkmen prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji ýygnagynda 29-njy sentýabr güni çykyş etdi. Ýöne onuň Nýu-Ýorka edýän saparynyň dowamynda amerikaly işewürler toparlary bilen hem duşuşygy meýilleşdirýändigi habar berlipdi:

“Şol çykyşdanam başga, prezident Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň biznes toparlary bilen hem duşuşmagy isledi. Şol duşuşyklar öňünden planlaşdyrylandy. Biziň esasy maksadymyz – edil Berdimuhamedowyň çykyş edýän mahalynda köçä çykmak däl-de, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde protest geçirmek, žurnalistleriň ünsüni çekmek, geçip barýan adamlaryň ünsüni çekmek, hem-de elbetde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşýan adamlaryň ünsüni çekmek. Elbetde, bu habar prezidentiň özüne-de ýeter, şony umyt edýäris, hem-de baş sekretara-da şu habar ýetiriler diýip pikir edýäris ” diýip, Mätiýew belledi.

Ol gürrüňdeşlikde özleriniň şeýle çäräni ilkinji gezek guramalaşdyrýandyklaryny aýdyp, göz öňünde tutýan netijeleri barada gürrüň berdi:

“Biz tarapdan şular ýaly protest ilkinji gezek geçirilýär, dogry. Nähili netijelere garaşýarys? Elbetde, şu çykyşdan soň, şu protestden soň Türkmenistanda mejbury zähmet bes edilmez, şony hem biz göz öňünde tutýarys. Ýöne, aýdyşym ýaly, halkara wekilleriň ünsüni çekmek üçin, mejbury zähmet barada has köp adamyň bilmegi üçin, hem-de Türkmenistanyň hökümetine basyş edilmegi üçin şu çäräni geçirýäris” diýip, Mätiýew sözüni jemledi.

Hukuk toparlarynyň ýaýradan bildirişine görä, agzalýan protest çäresi Nýu-Ýork wagty bilen 1-nji oktýabrda günortan sagat 12:00-de, Aşgabat wagty bilen agşam sagat 9:00-da başlaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG