Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň köpugurly bazary “işlemeýär”, Aşgabadyň bazarlarynda “alyjy az”


Daşogzuň köpugurly bazary, oktýabr, 2018-nji ýyl

Daşoguz şäherinde mundan takmynan bäş ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly bazar heniz hem doly kuwwatlylygynda işledilmeýär.

Azatlygyň welaýatdaky habarçysy onuň häzirki wagtda boş durandygyny habar berýär.

Ol bazaryň gurluşygyna millionlarça dollar maliýe serişdesiniň harçlanandygyny aýdyp, onuň geljek onýyllykda öz çykdajysyny ödemejekdigini çaklaýar.

“Bu bazar halka hyzmat etmeýär” diýip, habarçy bazaryň birnäçe ýyl bäri boş durmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, agzalýan bazarda söwda-satyk işini ýola goýmak üçin söwdagärler ilki bilen welaýatyň Söwda bölüminiň resmilerine para bermeli bolýarlar.

“Şeýle-de, bazardan döwlete pul geçirip, söwda nokadyny satyn almaly” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, bazaryň amatsyz ýerde ýerleşmegi, onuň golaýynda ilatly nokatlaryň ýoklugy alyjylaryň bazara barmaklaryna uly kynçylyk döredýär.

“Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary hem [bu bazara barmak üçin] azyndan 20 manat ýol çykdajysyny etmeli bolýarlar. Şol sebäpden bu bazara isleg pes” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, käbir satyjylar arabalarda, ýa-da öz başlaryna çadyr gurup bazaryň daş ýüzünde söwda-satyk işleri bilen meşgul bolýar.

Ýurduň paýtagtynda-da bazarlar we söwda merkezleri bilen bagly käbir ýagdaýlar göze ilýär. Has takygy, paýtagtda bazarlaryň, söwda we dynç alyş merkezleriniň sany köpelýär, ýöne olardaky alyjylaryň san taýdan azlygy ünsi çekýär. Bu barada Azatlygyň paýtagtly çeşmeleri habar berýär.

Eýsem, Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlup, ulanylmaga berilýän bazarlaryň we söwda merkezleriniň eýeçiligi we gözegçiligi kimde?

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew soňky döwürlerde paýtagtda san taýdan köpelýän söwda merkezlerine döwletiň egsilýän gatyşygy, hem-de olary bina etmekde hususyýetçileriň oýnaýan işjeň roly barada gürrüň berdi.

“Türkmenistanda soňky döwürde söwda merkezleriniň sany gitdigiçe artýar. Ýurt boýunça 10-12 sany firma Türkmenistanda ýurduň daşyndan azyk getirmek, ýurduň içinde dürli dükanlary, uly söwda merkezlerini gurmak [we şuňa meňzeş işler bilen] meşgullanýar. [Bularyň] döwlet derejesinde guralmagy soňky döwürlerde galyberdi. Döwlet derejesinde mundan 5-6 ýyl ozal salnanlar bardy, ýöne indi ýok” diýip, Bugaýew belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi bu ulgamda has işjeň rol oýnaýar.

“Aşgabatda “Berkararlyk” söwda dynç alyş merkezi bar, edil şolar ýaly “Bagtyýarlyk” dynç alyş söwda merkezi bar, ýa-da bolmasa, bilmedik ol nähili bolýar, iki sany “Bereketli” bazary salyndy soňky iki ýylyň dowamynda. Olaryň daşyndanam kiçiräk bazarlar bar, olar elden-ele geçip dur. Ýöne şularyň hemmesi bilen bagly bellemeli zat – iki sany “Bereketli” bazarynyň-da, “Berkararlyk” we “Bagtyýarlyk” söwda merkezleriniň-de hususy eýeçilikdedigi aýdylýar, ýöne şolaryň kimlere degişlidigi gizlenilýär” diýip, Bugaýew belledi.

“Ýaňky agzanlarymyzyň hiç haýsysynda-da gyzan söwda ýok, onuň sebäbi, şol ýerlerde harytlaryň ýoklugy däl-de, ilatyň satyn alyş ukybynyň juda pese düşmegidir” diýip, synçy aýtdy.

Azatlygyň daşoguzly habarçysy welaýatyň bazarlaryndaky soňky bahalar barada maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda 1 dollaryň gara bazardaky bahasy 20 manat 60 teňňe-21 manat aralygynda satyn alynýar, ýöne dollar satylmaýar.

“Ýakyn wagtda dollaryň ýene-de gymmatlajakdygy barada gürrüň edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

“Häzir Daşogzuň bazarlarynda çörek tapdyrmaýar. Döwlet “pekarnylary” günüň dowamynda her ele bir buhanka berýär. Ony bir topar resminamalara gol çekip almaly” diýip, ol sözüni jemledi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG