Täjigistanly telekeçiler üçin ýük daşaýan eýranly ulag sürüjileriň biriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň serhetçileri we gümrükçileri Täjigistana barýan ýük ulaglarynyň türkmen territoriýasyndan geçmegine "rugsat" alandygyny aýdypdyr.
Eýran-türkmen serhedinde içi harytly iki sany ýük ulagyny geçirip bilmedik bir täjik telekeçisi rugsadyň bir sagat çemesi ozal berlendigini we ilkinji iki sany ulagyň serhetden geçendigini Azatlyk Radiosyna habar berdi. Onuň sözlerine görä, ulag sürüjiler çykgynsyz ýagdaýda Täjigistana alternatiw ýoldan Azerbaýjanyň üsti bilen gitmek üçin zerur dokumentleri taýýarlamakçy bolupdyr.
Munuň bilen bir wagtda Täjigistanyň Transport ministrliginde bu ýagdaý barada gysga wagtda kommentirlemegi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna wada berdiler.
Täjik ýük ulaglarynyň türkmen territoriýasyndan geçmegine degişli gadagançylyk awgust aýynyň aýagyndan bäri saklandy. Bu ýagdaý barada Azatlyga 2-nji sentýabrda serhetden geçip bilmedik ulag sürüjileri habar beripdi. Olar türkmen serhetçileriniň bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmändigini bellediler.
Diňe bir Lýutfabad-Artyk serhet geçelgesinde 100 çemesi ýük ulagy saklanypdy. Olar esasan Türkiýeden we Eýrandan haryt daşaýarlar.
BU MAGLUMATYŇ ÜSTI ÝETIRLER .
EGER SIZ TÄJIK ÝÜK ULAGLARYNYŇ TÜRKMENISTANYŇ GIŇIŞLIGINDEN GEÇIŞINE ŞAÝAT BOLSAŇYZ, BIZ BILEN HABARLAŞMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIS. BIZ BILEN WAÝBER, WATSAPP, IMO ÝA-DA TELEGRAM ÜSTI BILEN ŞU NOMER BOÝUNÇA HABARLAŞYŇ: +420 724 053 959
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat