Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmensitanyň prezidenti sebitde metbugaty ösdürmäge "goşan uly goşandy üçin" sylaglandy


Türkmen gazetleri
Türkmen gazetleri

Türkmenistanyň paýtagtynda düýn, 4-nji oktýabrda Aziýa-Ýuwaş okean teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi açyldy diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu çärä gatnaşmak üçin ABU-nyň ýolbaşçylary we oňa agza bolup durýan ýurtlaryň resmi wekiliýetleri, dünýäniň dürli döwletleriniň teleradio kompaniýalaryň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.

Forumyň açylmagynyň öň ýanynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda teleradiokompaniýalaryň we ýörite enjamlary öndüriji kompaniýalaryň, hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän düzümleriň mümkinçiliklerini äşgär edýän sergi guraldy.

Şeýle-de neşir prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABU-nyň ýolbaşçylaryny kabul edendigini, olaryň döwlet baştutanyny “sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin ABU-nyň güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany” bilen sylaglandygyny habar berýär.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça çap edilýän ýyllyk hasabatlarda yzygiderli tankyt edilýär, bu ýurtda habar serişdeleri doly döwlet kontrollygynda saklanylýar we daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalistler yzygiderli ýanalýar.

XS
SM
MD
LG