Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow 2019-njy ýyldan bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrýar


Aktiwistler Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna protest bildirýärler. 1-nji oktýabr, 2018.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda geljek ýyldan bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak baradaky gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä,bu karar ýurtda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

Bu karar 1-nji oktýabrda Nýu-Ýorkda, türkmen prezidentiniň ABŞ-a sapary mahalynda Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy geçirilen protestiň yz ýanyna gabat geldi.

Maliýe we ykdysadyýet, Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň hünärmenleriniň geçiren seljermesi esasynda bu oba hojalyk önümleriniň bahalarynyň sanawy taýýarlanyldy diýip, hökümet maslahatynda berlen hasabatda aýdyldy.

Emma bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalarynyň näçe prosent ýokarlandyryljagy anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň prezidenti soňky bir ýylyň dowamynda ýurduň agrosenagt toplumynyň işini yzygiderli tankyt etdi we ýolbaşçylara käýinç bermek we olary ýygy-ýygydan täzelemek praktikasyny gaýtalady. Şonuň bilen bir wagtda, döwlet baştutany daýhanlar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini tassyklaýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli bilermenler döwletiň oba hojalyk önümlerini satyn alyş nyrhlarynyň ýyllarboýy üýtgedilmändigini, üstesine, kärendeçileriň köpüsiniň suw, dökün, tehnika, ýer mümkinçilikleriniň gowy däldigini, ýurtda sowet döwründen gelýänmejbury zähmetiň doly saklanyp galandygyny we daýhançylykdan gazanç etmegiň örän kynlaşandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG