Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ admiraly Orsýetiň suwasty gämilerini güýçlendirmeginden alada bildirýär


Admiral Jeýms Foggo
Admiral Jeýms Foggo

ABŞ-nyň we NATO-nyň Atlantik we Ortaýer arenasyndaky gýüçlerine göni çagyryş hökmünde, Orsýet özüniň suwasty söweş kuwwatlyklaryny güýçlendirýär diýip, baş ABŞ admiraly duýdurdy.

NATO-nyň Naplesdäki ýaranlyk güýçleriniň birleşdirilen komandowaniýesiniň başlygy, admiral Jeýms Foggo 5-nji oktýabrda Waşingtondaky pentagon žurnalistlerine Orsýetiň öz suwasty flotuna düýpli maýa ýatyrýandygyny we Birleşen Ştatlara hem-de NATO “assimetrik” howp salmak isleýändigini aýtdy.

Orsýetiň harby-deňiz güýçleri ABŞ-nyň we NATO-nyň uçar göterijileri we beýleki uly suwüsti gämileri bilen san babatda bäsleşip bilmejegini bilse-de, “olar özleriniň suwasty hökmürowanlylaryny kuwwatlandyrmak ugrundaky gözleglerini we işlerini dowam etdirdiler” diýip Foggo aýtdy.

Ol rus suwasty gämileriniň öz “Kalibr” ganatly raketalaryny atyp biljekdiklerini we “eger Ýewropanyň töweregindäki islendik deňizden atsalar... Ýewropanyň islendik paýtagtyny urup biljekdiklerini” aýdyp, aladasyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG