Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Wardak welaýatynda “Talyban” 7 polisiýa ofiserini öldürdi


ABŞ-nyň harby geňeşçileri Wardakdaky "Maýdan" harby bazasynda owgan esgerlerini tälim berýärler. 6-njy awgust, 2018

Owganystanyň Wardak welaýatynda “Talyban” söweşijileri bilen bolan söweşde azyndan ýedi polisiýa ofiseri öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.

“Talyban” söweşijileri 6-njy oktýabr güni giçlik Saýeed Abad etrabynda hökümet binasyna ot berdiler we beýleki alty ofiser bilen bilelikde etrap polisiýasynyň başlygyny öldürdiler diýip, welaýat gübernatorynyň sözçüsi aýtdy.

Abdul Rahman Mangalyň sözlerine görä, “Talyban” barlag nokatlaryny weýran etdi we şäheriň käbir bölekleriniň elektrik toguny kesdi.

Owgan howpsuzlyk güýçleri bu hüjümi yzyna serpikdirdi, emma atyşyk şindi hem dowam edýär diýip, Mangal aýtdy. Ol “Talyban” tarapdan hem ýitginiň bolandygyny aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahidiň çap eden beýanatynda jeňçileriň Saýeed Abad etrabynyň merkezini we onuň töweregindäki barlag nokatlaryny ele geçirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG