Russiýanyň Inguşystan regionynda eýýäm dört gün bari protestçiler respublikanyň uzak wagtlyk lideriniň çekilmegini we goňşy Çeçenistan bilen baglaşylan ýer ylalaşygynyň ýatyrylmagyny talap edýärler.
Demonstrantlar paýtagt Magasyň merkezinde çadyrlary hem dikdiler. Ýekşenbe güni Sowet soýuzy dargandan soň respublikanyň ilkinji lideri bolan Ruslan Auşew protestçiler bilen duşuşdy. Ol respublikanyň häzikri ýolbaşçysy Ýunus-Bek Ýewkurowy tankytap, onuň Çeçenistan bilen ylalaşyk baglaşan wagty inguş halky bilen maslahatlaşmandygyny belledi.
Geçen hepde ylalaşyk iki respublikanyň parlamentleri tarapyndan tassyklanandan soň, Inguşystanda köpçülikleýin protestler döredi.
Ýewkurow 4-nji oktýabrda – protestleriň ilkinji gününde – demonstrantlar bilen duşuşmak üçin geldi. Emma, protestçiler Ýewkurowa boş plastik çüýşelerini zyňyp başlandan soň, ol sebiti terk etmäge mejbur boldy.