Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň ýarag saklanýan ýerinde partlama sebäpli ewakuasiýa başlandy


Adatdan daşary gulluklar Çernihiw regionynyň Družba posýologynyň ilatyny ewakuasiýa edýärler, 9-njy oktýabr, 2018

Ukrainanyň paýtagty Kiýewden gündogarda 180 kilometr uzaklykda ýerleşýän ýarag saklanýan ýerde bolan birnäçe partlama we ýangyn sebäpli 10 müň çemesi adam ewakuasiýa edildi diýip, ukrain resmileri aýdýarlar.

Çernihiw regionynyň Içnya şäherçesinde bolan partlamada adam pidalary barada habar berilmedi.

Adatdan daşary gulluklaryň beýanatyna görä, häkimiýetler partlamanyň bolan ýeriniň töweregindäki 30 kilometrlik radiusda howa giňişligini, gara we demir ýol gatnawyny wagtlaýyn ýapypdyr.

Goranmak ministrliginiň №6-njy ýarag skladyndaky ýangyn we partlama daňdan sagat 3:30 töwereginde başlandy we 700 gektar ýere ýaýrady. Bu barada resmi beýanatda aýdylýar.

Geçen ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Harkiw şäherindäki ýarag skladynda bolan partlama 20 müň çemesi adamyň ewakuasiýa edilmegine sebäp bolupdy. 2017-nji ýylda Winnytsia şäherindäki ok-däri skladynda bolan partlamadan soň 30 müň çemesi adam ewakuasiýa edilipdi.

XS
SM
MD
LG