Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda okamak isleýän türkmen ýaşlary ýurtdan goýberilmeýär


Täjigistanda okaýan türkmen studentleri
Täjigistanda okaýan türkmen studentleri

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän türkmenistanly studentleriň ýüzlerçesi ýurtdan goýberilmeýär. Awgust aýynyň ahyryndan bäri Türkmenistanyň gümrük gullugy Duşenbäniň we beýleki täjik şäherleriniň ýokary okuw jaýlaryna okuwa giren türkmen ýaşlarynyň serhetden geçmegine rugsat bermeýär.

“Meniň oglan jigim şu ýyl Täjigistanyň Medisina uniwersitetine okuwa girdi. Ol ençeme gezek – soňky sapar Özbegistanyň territoriýasy arkaly – Täjigistana gitmäge synanyşdy. Ýöne türkmen gümrükçileri onuň Duşenbä gitjegini aňyp, ony yzygiderli yzyna ugradýarlar. Onuň ähli resminamalary bar, hatda 100 dollara özbek wizasyny hem aldy. Emma gümrükdäki barlag nokadynda jigime “Başga islendik döwleti saýlap, gidip bilersiň, ýöne Täjigistana goýberilmeýärsiňiz” diýip aýdýarlar” diýip, “Telegram” tilsimi arkaly Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen habarlaşan türkmenistanly raýat gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri üçin serhet indi 28-nji awgustdan bäri ýapyk bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri 1 müň çemesi studentiň Täjigistanda okamaga gitmegine rugsat bermedi diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. “Käbir studentler gümrük gullugynyň işgärlerinden näme sebäpden özleriniň Täjigistana gitmegine rugsat berilmeýändigini soradylar. Gümrük gullugynyň işgärleri olara “prezident Berdimuhamedowdan soraň” diýip, jogap berdiler” diýip, ol belledi.

Öz adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz jigisiniň mekdebi tamamlandan soň, ýokary bilimini dowam etdirmegi üçin özüniň kynlyk bilen pul ýygnandygyny hem nygtady. “Näme etjegimizi bilmeýäris... Serhet çalt wagtda açylar diýip umyt edýäris” diýip, ol belledi.

Täjigistanyň medisina uniwersitetiniň halkara bölüminiň jogapkär resmileriniň tassyklamagyna görä, şu ýyl şertnama esasynda okuwa giren türkmenistanly studentleriň onlarçasy okamak üçin ýokary okuw jaýyna barmandyr. “Belkem, olarda wiza bilen baglanyşykly problema dörändir. Munuň sebäplerini bilmeýäris” diýip, uniwersitetiniň halkara bölüminiň jogapkär resmileriniň biri aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Täjigistanyň pedagogika uniwersiteti türkmen studentleriniň ählisiniň eýýäm Duşenbä gelendigini we öz okuwlaryny dowam etdirýändigini aýtdylar. Bu uniwersitetde 2 müňe golaý türkmenistanly ýaşlar, esasan, şertnama esasynda okaýar.

“Täjigistanda ýokary bilim almak ep-esli arzan bolany üçin türkmen ýaşlary täjik ýokary okuw jaýlaryny saýlap alýarlar. Türkmen studentleriniň aglabasy iňlis we rus dilleri kafedralarynda, şeýle-de himiýa fakultetinde okaýar” diýip, Täjigistanyň pedagogika uniwersitetiniň işgäri aýtdy.

Geçen ýyl Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda dört müň çemesi türkmen studenti bilim aldy. Türkmen studentleriniň aýtmagyna görä, Täjigistanda okamak Türkmenistanda bilim almakdan on esse arzan bolýar. “Meselem, Täjigistanyň pedagogika uniwersitetinde okuw tölegi $500 barabar. Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girmek üçin $16000 çemesi para bermeli” diýip, studentleriň ençemesi aýdýar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan we migrasiýa gullugyndan kommentariýa almak başartmady. Bu barada agzalýan gulluklaryň resmi websaýtlarynda hem häzirlikçe hiç bir maglumat ýok.

Ýöne belläp geçsek, türkmenistanly studentleriň Täjigistana goýberilmeýändigi baradaky maglumatlar Aşgabatdaky täjik ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň öňünde ogly üçin wiza nobatyna garaşýan bir zenan maşgalanyň huşuny ýitirensoň, onuň hassahana äkidilendigi we ýolda aradan çykandygy barada peýda bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

21-nji awgustda bolandygy bu waka barada Azatlyk Radiosy wakanyň şaýatlaryna, hem-de redaksiýa gowşan wideo ýazga salgylanyp, 29-njy awgustda habar berdi. Wakanyň şaýatlary Azatlyga ugradan maglumatlarynda gürrüňi edilýän zenanyň adyny Gözel diýip tutdular, hem-de onuň öz ogluna wiza almak üçin nobata garaşan wagty heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Geçen aý Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili gürrüňi edilýän zenanyň ölmändigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen gizlinlik şertlerinde eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýakynda Täjigistanyň wizasyny almagy başaran türkmenistanlylaryň birnäçesi wiza almak meselesinde uly nobatlara durmak kösençliginden başga päsgelçilikleriň hem döreýändigini aýdyp, ilçihananyň käbir işgärleriniň para talap etmek ýaly hereketlere baş goşýandygyny hem bellediler.

Bu aralykda, awgust aýynyň ahyryndan bäri Türkmenistanyň serhedinden geçirilmeýän täjik ýük ulag sürüjileri türkmen häkimiýetleriniň Täjigistana ýük alyp barýan ulaglary serhetden goýberip başlandygyny 3-nji oktýabrda habar berdiler. Bu maglumaty Täjigistanyň transport kompaniýalarynyň wekilleri hem tassykladylar.

XS
SM
MD
LG