Gürjüstanyň Parlamenti ýurtda marihuananyň ýetişdirilmegini kanunlaşdyrjak düzgüniň taslamasynyň garalmagyny yza, ýagny ýene üç hepdeden geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan soňa süýşürdi.
Parlament gürrüňi gidýän kanun taslamasyna ýene iki aýdan soň serediljekdigini mälim etdi.
Ýerli media, deputatlara we beýleki resmilere salgylanyp, munuň 28-nji oktýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda dalaşgärleriň bu meseläni öz kampaniýalarynyň dowamynda ulanmazlyklary üçin edilendigini belledi.
Gürjüstanyň täsirli Prawoslaw kilisesi bu kanuna garşy aýak diräp gelýär.
Iýulda ýurduň Konstitusiýa sudy marihuananyň ulanylmagyna garşy administratiw jogapkärçiligi aradan aýyrypdy. Munuň netijesinde, Gürjüstan ozalky sowet respublikalarynyň arasynda marihuanany kanunlaşdyran ilkinji ýurt boldy.
Emma, marihunany ýetişdirmek we satmak heniz hem jenaýat hasaplanýar.