Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen baş diplomaty bilen duşuşmaly Mogherinä açyk hat ýolladylar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federika Mogherini.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federika Mogherini.

“Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy” toparlary Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federika Mogherininiň Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow bilen 12-nji oktýabrda Brýusselde geçirmeli gepleşiginiň öňüsyrasynda, ýewropaly resmä açyk hat ýolladylar.

Adam hukuklaryny goraýjylar Mogherinä ýüzlenip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen adam hukuklary babatyndaky möhüm meseleleri gozgamagyny, şeýle-de Aşgabadyň adam hukuklary babatynda öz üstüne alan anyk borçnamalarynyň berjaý edilmegini gazanmagyny soradylar.

Şeýle-de, hatyň awtorlary Ýewrosoýuz bilen Türkmenistanyň arasyndaky içgin gatnaşyklaryň diňe Aşgabadyň adam hukuklary babatynda halkara normalaryny gürrüňsüz berjäý eden halatynda mümkin boljakdygyny nygtamaga çagyrdylar.

Hatda sebitiň beýleki bir döwletinde, ýagny Özbegistanda soňky döwür adam hukuklary meselesinde öňe gidişlikleriň bolandygy, emma şol bir wagtda Türkmenistandaky ýagdaýlaryň ozalkysy ýaly üýtgewsiz galýandygy, şeýle-de ýurtda esasy azatlyklaryň depelenýändigi nygtalýar.

Mundanam başga, hukuk goraýjylar raýat azatlyklary boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda Türkmenistanyň heniz hem soňky, iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýändigine ünsi çekýärler.

Hatda Türkmenistanyň Media baradaky kanunynda senzuranyň gadagan edilýändigine we habar serişdeleriniň garaşsyzlygynyň kepillendirilýändigine garamazdan, ýurtda söz azatlygynyň düýbünden ýokdugy aýdylýar.

Türkmen hökümeti bolsa, döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerini berk gözegçiliginde saklap, olary diňe propoganda maksatlary, ýagny ýurtda ähli zady gülala-güllük edip görkezmek üçin ulanýar. Netijede, ýurduň habar serişdeleri häzir ýurduň başdan geçirýän ýiti ykdysady krizisi barada hiç hili maglumatlary bermeýärler.

Hukuk toparlary Türkmenistanda raýatlaryň daşardan maglumat almak mümkinçilikleriniň hem çäklendirilýändigini; Internetiň tizliginiň pes, bahasynyň hem juda ýokarydygyny belleýärler.

Şeýle-de, hatda nygtalyşy ýaly, adam hukuklaryny goraýan garaşsyz guramalar Türkmenistanda açyk hereket edip bilmeýärler; graždançylyk jemgyýetiniň aktiwistleri, daşary ýurtlaryň habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistler we, umuman, hökümeti tankytlaýan ähli kişi türkmen häkimiýetleriniň dowamly basyşyna, haýbatlaryna sezewar bolýarlar.

Galyberse-de, Federika Mogherinä ýollanan hatda Türkmenistanda heniz hem çärelere mejbury gatnaşdyrmak tejribesiniň dowam edýändigine, türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň ykbalynyň nämälim galýandygyna, raýatlaryň ýurtdan çykmagyna dürli çäklendirmeleriň girizilýändigine üns çekilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen resmi mediasynda ýurduň baş diplomaty Reşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federika Mogherini bilen geçirmeli duşuşygy barada hiç hili maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG