Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serhet protestlerinde ‘ýedi palestinaly öldürildi’


Palestinaly protestçiler Ysraýylyň atan oklaryndan we göz ýaşardyjy gazyndan gaçýarlar.

Ysraýylyň harbylary Gaza zolagynda protest geçiren ýedi palestinalyny öldürdi diýip, Palestinanyň saglyk resmileri habar berdiler.

Gazanyň saglyk işgärleri başga-da 140 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Harbylar 15 müň töweregi demonstrantyň ysraýyl esgerlerine we haýada “daş böleklerini, partladyjylary we granatlary zyňandygyny” aýtdylar. Maglumata görä, esgerler Gazany we Ysraýyly bölýän haýatdan aşyp, armiýa postlaryna hüjüm eden adamlaryň toparyna garşy ot açypdyrlar.

Palestinanyň Saglyk ministrligi 30-njy martda başlanan protestlerde eýýäm 200 töweregi gazalynyň öldürilendigini aýdýar.

Ysraýyl haýadyň golaýyndaky protestleri gurnamakda Gaza gözegçilik edýän “Hamas” yslam toparyny aýyplaýar. Hamas öz gezeginde bulary ret edýär.

Palestinaly protestçiler Ysraýylyň we Müsüriň 2 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan Gaza zolagyny okkupirlemegini bes etmeklerini talap edýärler. Şeýle-de olar 1948-nji ýylda Ysraýyl esaslandyrylandan bäri göçüp giden ýa-da çykarylan ýerlerine dolanmak isleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG