Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde onlarça müň adam jynsparazlyga garşy ýöriş geçirdi


Berlin
Berlin

Berlinde müňlerçe adam jynsparazlyga we ksenafobiýa, ýagny daşary ýurtlylaryň hallanmazlygyna garşy gurnalan “açyk we azat jemgyýet” ýörişine gatnaşdylar.

Şenbe güni geçirilen ýörişiň guramaçylary oňa azyndan 242 müň adamyň gelendigini aýtdylar. Polisiýa bolsa bu görkezijiniň “onlarça müň” bolandygyny belledi.

Çäre aktiwistleriň ýaranlygy, Germaniýanyň ekologiýa Ýaşyl Partiýasy we aşa çepçi Die Linke partiýasy tarapyndan gurnaldy.

Demonstrantlar “Biz bölünmejekdigimizi batly we açyk mälim edeliň” diýen şygary gygyrdylar; olaryň käbirleriniň elinde “Nasitlere orun ýok”, “Azyrak ýigreniň, köpräk söýüň” ýaly ýazgyly plakatlar hem bardy.

2015-nji ýylda Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň ýurda ýüzlerçe müň migranty kabul etmek baradaky karary, migrantlara garşy çydamsyzlygyň we aşa-sagçy Germaniýa üçin Alternatiwa partiýasynyň meşhurlygynyň artmagyna getiripdi.

XS
SM
MD
LG