Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we ÝB energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmekçi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň (çepden birinji) ýolbaşçylygyndaky resmi toparyň Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, şol sanda baş syýasy ýolbaşçysy Federika Mogherini (sagdan birinji) bilen duşuşygy, oktýabr 2016 (arhiw suraty)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Brusselde Ýewropa komissiýasy bilen energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmek meselesini ara alyp maslahat etdi.

Bu meseläniň 11-12-nji oktýabrda Brusselde Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wise-prezidenti Maroş Şewçowiç bilen geçirilen duşuşykda maslahat edilendigini, Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda habar berilýär.

Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Transhazar gaz geçiriji proýektini öz içine alýan gazgeçirijisi Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýar. ÝB we Türkmenistan türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň mümkinçilikleri barada 2011-nji ýyldan bäri gepleşik geçirýärler.

Resmi maglumata görä, türkmen delegasiýasy Brussele saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini bilen regional howpsuzlygy meselesini maslahat edipdir.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary açyk hat ýaýradyp, Mogherininiň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşygynda Türkmenistanda adam hukuklary problemasyny gozgamagy soradylar. Şol duşuşykda adam hukuklary problemasynyň gozgalyp-gozgalmandygy nämälim galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG