Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanda polimer zawody ulanyşa berildi


Zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin müňlerçe adam mejbury eltildi. 17-nji oktýabr, 2018 ý.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda umumy bahasy 3.4 million dollarlyk polimer zawodynyň – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy geçdi.

Türkmen resmileriniň maglumatyna görä, Gyýanly şäherçesindäki desganyň ýylda 5 milliard m3 gazy gaýtadan işläp, 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge mümkinçiligi bar. Gürrüňi gidýän maddalar plastigi ýasamakda ulanylýar.

Türkmen emeldarlary bu desganyň ýurduň nebit-gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigini aýdýarlar.

Polimer zawodynda öndüriljek himiki serişdeler Hytaýa, Hindistana, Türkiýä, Ýewropa we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine eksport ediler.

Desga Günorta Koreýanyň LG International Corporation, Hyundai Engineering Corp. Ltd we Ýaponiýanyň TOYO Engineering kompaniýalarynyň konsortsiumy tarapyndan guruldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG