Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda 'ählihalk' ýowary geçirildi, ýerli media ony ‘zähmet baýramçylygy’ häsiýetlendirdi


Türkmenistanda Köptedagyň eteginde dikilen nahallar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Düýn 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň regionlarynda we paýtagt Aşgabatda agaç oturtmak boýunça ählihalk ýowarlary geçirildi.

Lebap welaýatynda geçirilen ýowara gatnaşyjylardan biri Azatlyk bilen habarlaşyp, häkimiýetleriň aň-bilim pudagynyň işgärlerini we talyplary agaç nahallaryny oturtmak boýunça köpçülikleýin ýowara mejbury çekendigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýowar irden 7:00-den günortana golaý, sagat 10:00-a çenli dowam edipdir.

Gürrüňdeşimiz ýygnananlaryň kamera düşürilýänçä garaşmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň berdi.

Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin ýowarlarda türkmen telewideniýesiniň operatorlary surat alýar.

Azatlygyň lebaply gürrüňdeşi Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän bazaryň deňinde geçirilen bu çärä çen bilen 2 müňe golaý adamyň mejbury çekilendigini sözüne goşdy.

Döwlet mediasynyň maglumatlaryna görä, agaç nahallaryny oturdyp, olara serenjam bermek çäreleri ýurduň çar künjeginde geçirilipdir.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň çarşenbe güni goýberilen sanynda ýurduň bäş welaýatynda geçirilen ählihalk ýowarlary “zähmet baýramçylygy” häsiýetlendirildi.

Ýurtda bolup geçýän täzelikleri halka ýetirmeli gepleşigiň 15 minudy ýowarlara bagyşlanyldy.

Türkmen döwletine Sowet döwründen miras galan ählihalk ýowarlarynyň geçirilmegi ýurtda indi täzelik däl. Giň gerimli ählihalk ýowarlary ýurtda her ýyl köpçülikleýin býujet işgärleriniň gatnaşdyrylmagynda azyndan iki gezek geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatlara prezidentiň edýän saparlarynyň öňýany, döwlet baýramçylyklarynyň bosagasynda, ýa-da beýleki resmi dabaralar, sport we medeni çärelere gabat getirilip köpçülikleýin ýowarlar häli-şindi yzygiderli geçirlip durulýar.

Lebapda býujet işgärleri we studentler ýowara gatnaşdyrylýar
Lebapda býujet işgärleri we studentler ýowara gatnaşdyrylýar

Ýöne agaç oturtmak boýunça geçirilýän ählihalk ýowarlary ýylyň dowamynda iki gezek – bahar hem-de güýzki möwsümlerde geçirilýär.

Döwlet mediasynda 17-nji oktýabrda efire berlen habarda ýurduň dört künjünde geçirilen ýowarlarda jemi näçe düýp nahal oturdylandygy anyk sanlar bilen mälim edilmedi, diňe umumy sözler bilen olaryň “müňlerçedigi” agzalyp geçildi.

Mundan ozal resmi metbugat ýurtda geçirilýän köpçülikleýin agaç oturtmak çärelerinde Türkmenistan boýunça millionlap agaç nahallarynyň oturdylýandygyny anyk sanlar bilen habar berýärdi.

Türkmen mediasy geçen ýylyň bahar möwsüminde ýurtda 416 müň düýp agaç nahallaryň oturdylandygyny, 2015-nji ýylda 3 million düýp nahalyň oturdylandygyny habar berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda türkmen prezidenti bahar we güýz möwümlerinde ýurt boýunça jemi 3 million düýp bag oturtmak barada tabşyryk beripdi.

Döwlet metbugaty ekilýän agaç nahallarynyň saýaly, pürli we miweli baglardygyny habar berýär.

Ýöne “zähmet baýramçylygynda” ekilýän agaçlaryň idegi, olaryň näçe göteriminiň düýp tutup, näçesiniň guraýandygy, nahallaryň nähili şertlerde ýetişdirilýändigi, olara türkmen topragynyň ýaramlylygy barada giňişleýin ekspert gürrüňi gozgalmaýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde efire berlen wideo görnüşlerde welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bir nahalyň töwereginde goşalanyp duran adamlary, ýaş çatynjalary, eli pil-kätmenli talyplary, lukman eşiginde ýer depýän doktorlary görmek bolýar. Şeýle-de, käbir welaýatlarda geçirilen çärelerde hatar gurap ýowara gatnaşyjylaryň arasyndan geçirilýän düýeleri, çäre geçirilýän ýerleriň gabadynda gurlan gara öýleri, pil-kätmenden ýasalan gurallaryň sergilerini we beýlekileri görmek bolýar.

Bulardan başga-da, türkmen mediasy bu sapar geçirilýän "ýowarlarda prezidentiň ýazan kitaplarynda maslahat berilýän melhem çaýlaryň ýowarçylara hödür edilendigini" belläp geçdi.

Lebap welaýatyndan ýowara gatnaşan türkmenistanly Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde çäräni iki söz bilen “aýdym-sazly, kameraly ýowar” diýip suratlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG