Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar


Aşgabadyň azyk dükany (illýustrasiýa)

Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky habarçysynyň sözlerine görä, möhleti geçen harytlar Aşgabadyň hem döwlet, hem-de hususy dükanlarynda duş gelýär.

"Köplenç gaba gaplanan ýarma heňli bolýar. Bu hem bahalaryň yzygiderli galýan wagtynda. Düýn meniň tanyşym Ors bazaryndaky supermarketleriň birinde orsýetli süýjüleri satyn aldy, aýyjyklar şekilli süýji 88 manatdan. Olaryň içi gurçukly bolup çykdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

17-nji oktýabrda satyn alnan süýji, Aşgabat, 2018
17-nji oktýabrda satyn alnan süýji, Aşgabat, 2018

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, iýip bolmaýan we möhleti geçen azyk önümleri, şeýle-de öndürlen senesi düýpden görkezilmedik harytlar hem hususy, hem-de döwlet dükanlarynda satylýar. Möhleti geçen ýa-da zaýalanan azyk önümleriň arasynda süýt-gatyk we işlenilen et önümleri, un duş gelýär.

Mundan öň möhleti geçen harytlaryň köplenç Aşgabadyň hususy dükanlarynda satylýandygy habar berlipdi. Azatlygyň söhbetdeşleri şeýle harytlaryň arasynda daşary ýurtlarda öndürilen un, kofe, diş pastasy, balyk we et konserwalary bolup, söwdegärleriň olary hakyky bahasynyň üstüne atanak çekip, 5-15 manat arzanladylan bahadan satýandygyny habar beripdi.

Ýerli synçylar satuwdaky azyk önümleriniň hiline gözegçilik edýän edaralaryň, şol sanda sanepidemstansiýanyň alyp barýan işiniň satylýan harytlaryň hiline öňyn täsir ýetirmeýändigini aýdýarlar.

​"Düzgüni bozujylara jerime salýarlar, köplenç resmi däl görnüşde, emma zaýalanan harytlar satuwdan aýrylmaýar. Şeýdip, sentýabrda ýerli süýt önümlerinde gurçuk tapdylar, emma olar satuwa çykaryldy" diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosy paýtagtyň söwda nokatlarynda zaýalanan ýa-da möhleti geçen harytlaryň satuwda duş gelmegi bilen bagly ýagdaý barada resmi kommentariý alyp bilmediler.

Ýerli synçylaryň sözlerine görä, satuwda möhleti geçen azyk önümleriniň köpelmegi soňky döwürde bahalaryň gitdigiçe ýokarlanmagy, munuň bilen bir wagtda ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi, şeýle-de häkimiýetleriň gözegçiliginiň gowşamagy bilen bagly.

Türkmenistanda zaýalanan azyk önümleriniň satylmagy bilen bir wagtda, möhleti geçen däri-dermanlaryň söwdasy hem alnyp barylýar.

Soňky bir ýyla golaý wagt bäri ýurtda azyk, derman we hyzmatlar esli gymmatlady. Azyk önümleriniň bahasy azyndan iki esse göterildi. Çöregi, uny, şekeri we pagta ýagyny kesgitli nyrhdan satýan döwlet dükanlarynda uly nobatlar döreýär. Ýakyn günlerde Daşoguzda döwlet dükanlarynda birnäçe günläp un satylmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda gytçylygyň dörändigini we nyrhlaryň göterilendigini açyk boýun almaýarlar. Milli media problemalary gozgamaýar.

Şol bir wagtda-da, ykdysady krizisiň fonunda ýurduň ýolbaşçylary girdejileriň artýandygyny, milli puluň hümmetiniň bolsa durnukly galýandygyny yglan edip, milli habar beriş serişdelerinden "bolçulyk barada" ilaty habarly etmegi tabşyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG