Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet mediasyna ‘galla garaşsyzlygyny’ wagyz etmek tabşyryldy; ilatyň oňşugy ‘ýaramazlygynda galýar'


Türkmenistanda çörek satýan aýal-gyzlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde döwletiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan sepgitleri, şol sanda azyk garaşsyzlygyny wagyz etmekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdy. Beýleki tarapdan, garaşsyz metbugat serişdeleri bilen bir hatarda Azatlyk Radiosy ýurtda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiligi – un, çörek kynçylyklary barada yzygiderli maglumat berip gelýär.

Hökümet mejlisiniň dowamynda prezident gazanyldy diýilýän ösüşleri wagyz etmek üçin anyk mysallaryň bardygyny aýtdy. Ol ýurtda galla garaşsyzlygynyň döredilendigini öňe sürüp, muny mediada wagyz edilmeli sepgitleriň hatarynda mysal görkezdi.

"Anyk mysallar"

“[Ösüşleri] anyk mysallar arkaly açyp görkezmek üçin ýeterlik mümkinçilik bar. Hususan-da, azyklyk galla bilen özümizi üpjün edendigimizi, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygymyzy giňden beýan etmek üçin mysallar köp” diýip, Berdimuhamedow döwlet telekanalynda görkezilen çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanda azyk nobatlarynda barha köp nägilelikler eşidilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Prezident ýerli metbugata galla garaşsyzlygyny wagyz etmegi ündeýän wagty , garaşsyz habar çeşmeleri, şol sanda Azatlyk Radiosy ýurtda dowam edýän un-çörek ýetmezçiligi, azyk dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlar, hem-de nobatlarda döreýän dawa-jenjeller barada habar berip gelýär. Dükanlaryň öňünde döreýän un-çörek nobatlarynda düşürilen wideolarda adamlaryň nägile goh-galmagalyny eşitmek bolýar.

Daşoguzlylar azyk gytçylygyna nägileligini bildirýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

Ýeňillikleriň ýatyrylmagy "nägilelik döredýär"

Şeýle habarlaryň fonunda, Azatlyga gowşan soňky maglumatda, habarçymyz Lebap welaýatynyň käbir künjeklerinde ýurtda ýeňillikleriň ýatyrylmagy bilen bagly ýerli ýaşaýjylaryň bildirýän köpçülikleýin nägilelik çykyşlary barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä , oktýabryň başynda Lebap welaýatynyň dört etrabynda käbir ýerli ýaşaýjylar ýurtda mugt ýeňillikleriň ýatyrylmagyna närazy bolup, olaryň ýatyrylmagyny goldan maslahata gatnaşyjy “il ýaşulylaryna” garşy köpçülikde guramaçylykly nägilelik bildirdi.

Öz gezeginde, “il ýaşulylary” ýeňillikleriň ýatyrylmagy bilen bagly alnan karara dahyllarynyň ýokdugyny aýdyp, adamlaryň öz arza-şikaýatlaryny etrap-welaýat häkimliklerine ýetirmeklerini maslahat berýär. Azatlyk etraplaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.

Şeýlelikde, nägile ýaşaýjylar ýüze çykan ýagdaý barada etrap häkimliklerine, etrap häkimlikleri bolsa welaýat häkimligine habar berýär. Munuň yzýany, 3-nji oktýabr güni Lebabyň welaýat häkimliginde resmiler käbir ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeşlik duşuşygyny geçirýär.

Häkimiýetler gürrüňdeşlik geçýär

Azatlygyň welaýatdaky ikinji çeşmesi Lebap welaýatynda ilat arasynda geçirilýän gürrüňdeşlikler baradaky maglumaty tassyklady. Onuň sözlerine görä, häkimiýetler gürrüňdeşliklerde ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň zerurlyklary barada, hem-de “bagtyýarlyk zamanasy” hakynda çykyş edýärler.

Çeşme şeýle mazmunly duşuşyklaryň beýleki welaýatlarda-da geçirilýändigi barada özünde maglumatyň bardygyny sözüne goşdy.

25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda prezident “halkyň hal-ýagdaýynyň gowulaşandygyny” aýdyp, ilatyň ýeňillikli gaz, tok, suw we duz üpjünçiligini 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly ýatyrdy. Maslahatyň mejlisinde ýaşulylar beýleki gatnaşyjylar bilen bilelikde bu karary biragyzdan goldapdy.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi häzirki wagtda adamlary esasan unuň gyzyklandyrýandygyny, döwlet dükanlaryndan un satyn almagyň örän kynçylyklydygyny habar berdi.

Gymmatçylyk saklanyp galýar

“Lebabyň bazarlarynda unuň 1 kilogramy 8-9 manatdan satylýar. Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy 15 manada çenli çykdy” diýip, çeşme beýleki käbir harytlaryň bahalary barada-da maglumat berdi.

Ol Lebapda we Aşgabatda dollaryň söwdasynyň 20-21 manat aralygyndadygyny belledi.

Türkmenistanyň prezidenti 12-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde ýurtda gazanylandygy aýdylýan azyk garaşsyzlygyna degip geçdi.

Bu ýyl Türkmenistanda ýurduň galla plan borçnamasy doly berjaý edilmedi. Bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasylynyň mukdary barada anyk sanlar aýdylmýar. Resmi metbugat ýurtda 1 million tonnadan gowrak galla hasylynyň ýygnalandygyny habar berýär. Berdimuhamedow 5-nji iýulda eden çykyşynda “Gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýdi.

Sentýabryň ortalarynda gazak metbugatynda şu ýyl Türkmenistanyň Gazagystandan 100 müň tonna bugdaý satyn alýandygy äşgär edildi.

XS
SM
MD
LG