Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syrtlanlar her gije bäş-alty düýäni awlaýar, häkimiýetler “garaşyň” diýýär


Düýeler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Düýeler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň oba ýaşaýjylary Kiçi Balkan dagynyň töweregindäki öri meýdanlarda otlaýan düýeleriň syrtlanlar tarapyndan awlanmagyndan ejir çekýärler.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen habarlaşan we howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpleri atlarynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu waka soňky bir aýdan gowrak wagt bäri dowam edip, her gije azyndan bäş-alty düýe syrtlanlaryň topary tarapyndan awlanyp öldürilýär.

Gumdag, Balkanabat şäherleriniň we Bereket etrabynyň 10-a golaý obasynyň ýaşaýjylary bu ýagdaý barada, öri meýdanda otarýan we diňe ikindinara öz eýesiniň gapysyna dolanýan düýeleriň käbiri gelmeli wagtynda yzyna gelmände bilip galýarlar.

“Soňky döwürde adamlar ýörite gözlege çykýarlar we şonda şeýle ýagdaýyň üstünden barýarlar. Düýeler özbaşyna gezip ýör, onuň çopany ýok. Şonda adamlar çaşyp ýatan süňkleriň üstünden barýarlar. Eýýäm 20-30 düýe dagy awlanan eken. Soňra adamlar ogryn syn etseler, iňrik garalandan soňra syrtlanlaryň toparynyň awa çykyp, çöküp oturan düýelere hüjüme geçýändigini we olary awlaýandygyny görýärler. Syrtlanlar topar-topar bolup aýlanýarlar” diýip, Balkana ýygy-ýygydan sapar edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew oba ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Bu wakadan soň adamlar ilki etrap, soňra-da Balkan welaýat häkimligine baryp, resmilere soňky döwürde syrtlanlaryň düýelere hüjüm edip, olary awlaýandygyny aýdýarlar hem-de olardan kömek etmegi soraýarlar.

“Welaýat häkimligindäkiler: ‘Biz geňeşip göreli. Syrtlan Gyzyl kitaba giripmi, goralýanmy ýa-da goralmaýan haýwanmy? Munuň anygyna ýeteli, degişli edaralar aýdaly’ diýip, hoş söz beripdirler, ýöne şol hoş sözüň yzy gelenok diýip aýdýarlar” diýip, Bugaýew resmileriň ýaşaýjylara “garaşyň” diýip, häzirlikçe düýeleri obada saklamagy maslahat berýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýöne ýaşaýjylar syrtlanyň ýyrtyjy haýwandygyny aýdyp, olaryň meýdanda awyny tapmasa, obalardaky mal ýataklaryna hüjüm etmeginden alada edýändiklerini, şol sebäpden hem düýeleri oba getirmekden saklanýandyklaryny belleýärler.

“Obadaky mallarymyz bir abat saklaly diýip, meýdandakylary gijelerine oba getirmäge çekinýäris diýip gürrüň berýärler. Onsoňam [adamlar] mallary gapa sürüp getireli diýsek, ýyl gurak, dükanlarda ot-iým satylmaýar. Başga-da göze görnüp duran öri meýdan ýok diýýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Galyberse-de, oba ýaşaýjylary düýelerini goramak üçin özlerinde aw tüpeňleriniň hem ýokdugyny, hatda bir wagt hasaba alnan, resmileşdirilen aw tüpeňi bolanlaryň hem olary ulanyp bilmeýändigini aýdýarlar: “Sebäbi olaryň oklary satylmaýar ýa-da döwlet tarapyndan hem berilmeýär”.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele we munuň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada Balkan welaýat häkimligi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň bir bölegi syrtlanlaryň düýelere hüjüm etmegini, ýyrtyjy haýwanyň sanynyň köpelmegi bilen düşündirýärler. Beýleki bir bölegi bolsa, ýylyň gurak gelmegi we şol sebäpli öri meýdanlaryň azlygy bilen baglanyşdyrýar.

“Öri meýdanlar az bolanda, düýeler öňküsi ýaly her biri başga ýerde otlaman, olaryň hemmesi bir ýere üýşýär. Bu hem syrtlanlaryň ünsüni özüne çekýär” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbiri syrtlanlaryň öri meýdanda otlaýan düýelere hüjüm edip, olary awlamagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň mundan birnäçe ýyl ozal hem bolandygyny, ýöne her gijede bäş-alty düýäniň öldürilmegine ilkinji gezek duş gelýändigini gürrüň berdiler.

XS
SM
MD
LG