Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR habaryndan soň, özbek premýer-ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy


Özbegistanda ýerli resmiler we daýhanlar suwdan doly ýapda durmaga mejbur edildi.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew premýer-ministriň orunbasary Zoýýir Mirzaýewi eýeleýän wezipesinden çetleşdirdi. Bu waka Mirzaýewiň ýurduň çetki territoriýalaryna eden soňky saparynyň dowamynda daýhanlary kemsidendigi barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda maglumatyň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

27-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy köpçülikde giňden ýaýran suraty derňänden soňra maglumat çap etdi. Suratda Daşkent regionynyň ýerli resmileriniň we daýhanlarynyň suwdan doly ýapda durmaga we suratda görünmeýän adamyň käýinjini eşitmäge mejbur edilendigini görse bolýar.

Özbek gullugynyň habarynda wakanyň anyk nirede bolandygy, ondaky adamlaryň we resmileriň, şol sanda Mirzaýewiň şahsyýeti aýdyňlaşdyryldy.

Mirzaýew bu habar çap edilenden gysga wagt soň wezipesinden boşadyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG