Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda uçar ýolagçylary 'prezidentiň sapary sebäpli' uçardan galdy


Aşgabadyň halkara aeroporty

13-nji oktýabrda Aşgabatdan Pariže we Frankfurta barýan uçarlar öňünden duýdurylmazdan wagtyndan ir ugrap, öz ýolagçylarynyň ençemesini galdyryp gitdiler, diýip Azatlygyň çeşmesi bu ýagdaýy başdan geçiren ýolagçylara salgylanyp, habar berdi.

Efirden adynyň tutulmazlygyny soran çeşmämiz bu ýagdaýyň 13-nji oktýabrda ir sagat 11-den geçende ugramaly uçarlaryň birnäçe sagat öňünden başlanýan registrasiýasynyň birden bes edilip, ýolagçylary aljyraňňy ýagdaýda galdyrandygyny belledi.

"Registrasiýa başlanyp, bir sagat geçip-geçmänkä ony doly ýapýarlar. Geçip ýetişeni gidýär, galany galýar. Näme üçin diýlip sorasalar, 'ýaşuly uçýar' diýip, jogap berýärler" diýip, söhbetdeşimiz aeroportuň işgärleriniň ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçarly sapary sebäpli ýolagçy reýsleriň uçuş tertibiniň üýtgedilendigini ýolagçylara duýdurandygyny gürrüň berdi. Çeşmämiz şol reýsleriň biriniň ýolagçysyna salgylanyp, adatça doly bolýan uçaryň içinde şol gün orunlaryň ýarysyndan gowragynyň boş galandygyny belledi.

​"Türkmenhowaýollarynyň" resmi maglumatyna görä, Aşgabat - Frankfurt reýsi şenbe günleri 11:25-de, Aşgabat - Pariž reýsi 11:35-de ugraýar.

Agzalan reýsleriň 13-nji oktýabrda wagtyndan ir uçandygy barada çeşmelerimiziň beren maglumatyny "Türkmenhowaýollarynyň" we Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden häzirlikçe tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bolmady.

Aşgabadyň halkara aeroportundan daşary ýurtlara ýygy-ýygynda syýahat edýän söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, uçarlaryň wagtyndan ir, ýa-da giç ugramagy, şeýle-de wagtynda gonup bilmän ençeme sagatlap howada uçup garaşmagy, ýa-da başga bir şäherde gonmagy ýygy-ýygyndan ýüze çykýar. Köplenç bu howa şertleriniň ýaramazlygyna ýa-da tehniki sebäplere bagly bolman, prezidentiň ýola çykmagyna bagly bolýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurtlara ýa-da paýtagtdan welaýatlara edýän uçarly saparlarynyň wagty barada köplenç habar berilmeýär. Ýolagçylar diňe uçuş tertibiniň üýtgedilen pursadynda mundan habarly bolup galýarlar. Bu barada ýolagçylara köplenç aeroportyň işgärleri aýdýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar beren şuňa meňzeş wakalarynyň biri aprel aýynda Aşgabat-Moskwa reýsinde ýüze çykypdyr.

"Adamlar eýýäm uçara münüpdi, birden olary uçardan çykaryp, yzyna garaşmak üçin niýetlenen otaga kowup başladylar. Olar şol ýerde iki sagada golaý wagtlap garaşmaly boldular. Prezidentiň uçary barmaly ýerine barýança, gonansoň döwlet baştutanyny aeroportda hökümet agzalary garşy alýança we şol ýerde göçme maslahat geçirilýänçä, ýolagçylar Aşgabatda garaşyp oturmaly boldular" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

“Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri Aşgabatdan uçran uçarlaryň gatnaw tertibine täsir ýetirýän "howpsuzlyk çäreleriniň" köplenç prezidentiň saparlara ugran wagtynda köp ýüze çykýar.

"Aýratyn howpsuzlyk çäreleri, onuň sapara ugraýan wagtynda köp ýüze çykýar, ony ugradýan we sapary barada habarly bolýan adam köp bolýar, şeýle ýagdaýda reýsler saklanýar, şeýle-de aeroportuň töwerek daşy ýapyk bolansoň, ýolagçylar wagtynda baryp bilmeýärler we uçara gijä galýarlar. Prezidentiň sapardan gelýän wagty bolsa gizlinlikde saklanýar we birnäçe gezek üýtgedilýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmesi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda prezidentiň saparlary, onuň gatnaşmagyndaky syýasy-jemgyýetçilik we sport, medeni çäreleri sebäpli ýollaryň ýygy-ýygyndan ýapylmagy şäherde köçe-ýol hereketiniň bökdemegine, jemgyýetçilik transportunyň gatnawynyň kesilmegine ýa-da öňünden duýdurmazdan üýtgemegine sebäp bolýar, bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylara köp oňaýsyzlyklary döredýär.

Teswirleri gör (4)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG