Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prokurory awtobus ýangyny bilen bagly tussag edilenlere bäş we ýedi ýyl kesilmegini soraýar


Şu ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinden Orsýetiň Samara şäherine sapar edýän awtobus ot aldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinden Orsýetiň Samara şäherine sapar edýän awtobus ot aldy.

Gazagystanyň döwlet prokurory şu ýylyň ýanwar aýynda 52 özbek raýatynyň ölümine sebäp bolan awtobus ýangyny bilen bagly sud işinde bäş gazak raýatynyň türme tussaglygyna höküm edilmegini soraýar.

30-njy oktýabrda Osman Orynbasaruly kazydan bu sud işi bilen bagly tussag edilen adamlaryň günäli tapylmagyny sorady.

Gazak prokurory Gazagystanyň “Aziýa tranzit serwis” kompaniýasynyň üç sürüjisiniň bäş ýyl we iki sürüjisiniň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine çagyryş etdi.

Kompaniýanyň ýene bir işgäri geleňsizlikde we resminamalary galplaşdyrmakda aýyplandy.

30-njy oktýabrda sud diňlenişigi başlanda, tussaglaryň bäşisi hem özleriniň günäsizdigini aýtdylar.

Gürrüňi edilýän heläkçilik şu ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne agzalýan awtobus Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinden Orsýetiň Samara şäherine sapar edýän mahaly boldy.

XS
SM
MD
LG