Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda müňlerçe adam halkara sport çäresine görülýän taýýarlyklara gatnaşmaga mejbur edilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Aşgabatda okuwçylaryň, studentleriň we býujet işgärleriniň müňlerçesi Agyr atletika boýunça paýtagtda geçjek Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär.

Belläp geçsek, 1-nji noýabrda agşam sagat 20:00-da başlajakdygy aýdylýan Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty 10-njy noýabra çenli dowam eder we bu halkara sport çäresi Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara we täzeliklere ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu sport çäresiniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri 20-nji oktýabrda başlap, indi 10 günden gowrak wagt bäri paýtagtyň Olimpiýa şäherjiginde we şol ýerdäki stadionda dowam edýär.

“Taýýarlyga gatnaşýan okuwçylaryň, studentleriň, medeniýet we aň-bilim pudagynyň işgärleriniň hem-de sport türgenleriniň umumy sanynyň 14-15 müň adamdygyny aýdýarlar. Ony aýdýanlar hem şol dabarany taýýarlaýan režissýorlar. Dabara taýýarlyk işler başlangyçda öýlän sagat 15:00-dan soňra başlanyp, sagat 19:00-a çenli dowam edýärdi. Öňňinden başlap şol çäreler öýlän sagat 14:00-dan başlanyp, agşam sagat 20:00-a ýakyn tamamlandy” diýip, synçy Bugaýew taýýarlyk çärelerine gatnaşýan studentlere we bu çäräni guramalaşdyrýan režissýorlara salgylanyp, gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, oktýabryň soňky on günlüginde Türkmenistanda mekdep okuwçylary we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri güýzki dynç alyşda bolýar. Bugaýew çagalaryň we ýaşlaryň güýzki dynç alyşdadygyna garamazdan, öňünden düzülen sanaw esasynda olaryň bu çärä gatnaşmaly edilendigini belledi.

Aýdylmagyna görä, bu taýýarlyk çäreleri ýurtda geçirilýän öňki dabaralardan tapawutlanmaýar. Ýörite bellenen režissýorlar çärä gatnaşýanlaryň dürli gimnastika maşklaryny, tanslary, şowhunlary sinhron ýerine ýetirmegini üpjün edýärler.

Galyberse-de, çärelere gatnaşmaga mejbur edilýän býujet işgärleri, studentler we okuwçylar Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçiriljek açylyş dabarasyna tomaşaçy hökmünde hem gatnaşmaga borçly edildi.

“Dabaraly açyşa höwes bildiren adamlar goýberilmeýär. Oňa diňe öňünden düzülen sanaw esasynda, ylaýta-da şol dabaraly çärelerde şowhun etmek üçin ýörite taýýarlanylan, öňünden 10-12 gün taýýarlyk çärelerini geçip ýörenler goýberiljek” diýip, Bugaýew belledi.

Mundanam başga, bu dabara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlara, şol sanda türgenlere hyzmat etjek türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi we 500 çemesi meýletinçi sport lybasyny we aýakgabyny satyn almaga mejbur edildi.

“Mugtuna paýlanyp berilmändir. Goýy ýaşyl reňkdäki sport formasy, sport papagy, krasowka diýýän ak reňkdäki aýakgabymyz – şularyň umumy bahasy ortaça 900 manada barabar boldy diýip, şony satyn alanlar gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýatladyp geçsek, mundan bir hepde çemesi ozal “Turkmenportal” saýty döwlet metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli döwlet kärhanalarynyň Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna niýetläp, 1 müň 300 komplekt eşigini taýýarlandygyny habar beripdi.

Şonda taýýarlanan lybaslaryň ýaryşa gatnaşyjy türgenlere, meýletinçilere, gurnaýjylara, saglyk işgärlerine, media serişdeleriniň wekillerine we hojalyk işgärlerine niýetlenilendigi aýdylypdy.

Türkmenistanda agyr ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan, azyk harytlarynyň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän döwri, türkmen häkimiýetleri ýurtda halkara sport çäreleriniň birnäçesini geçirdi ýa-da geçirmegi planlaşdyrýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda “Amul-Hazar” halkara awtorallisi geçirilen bolsa, geçen ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Şeýle-de, Ýapyk welotrek boýunça nobatdaky Dünýä çempionatynyň 2021-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriljekdigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri bu sport çäreleriniň ýurduň “dünýädäki abraýyny artdyrýandygyny” tekrarlasalar-da, bulara döwlet gaznasyndan goýberilýän maliýe serişdelerini anyk aýdyň etmeýärler. Şeýle-de, bu çärelere türkmenistanlylaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hem dymylýar.

Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Agyr atletikanyň Halkara federasiýasy Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatyna, rekord derejede, ýagny dünýäniň 91 döwletinden 693 türgeniň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG