Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: Her ýyl hapa howadan 600 müň çaga ölýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Açyk meýdandaky hem-de ýapyk jaýlardaky zäherli howanyň täsiri netijesinde her ýyl 15 ýaşyna ýetmedik çagalaryň 600 müň sanysy heläk bolýar diýip, 29-njy oktýabrda Bütindünýä Saglyk guramasy (BSG) habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Saglyk guramasynyň ýygnan maglumatyna görä, her gün dünýäde 15 ýaşyna ýetmedik çagalaryň 93%-i, ýagny 1,8 milliard çaga howply derejede hapalanan howadan dem alýar. Olaryň 630 milliony bäş ýaşyna ýetmedik çagalardyr.

BSG-niň maglumatyna görä, munuň agyr netijeleri bar: Diňe 2016-njy ýylda hapa howa zerarly aşaky dem alyş ýollarynda emele gelen ýiti infeksiýa zerarly 600 müň çemesi çaga heläk boldy.

“Hapa howa millionlarça çagany zäherleýär we olaryň durmuşyny ýumurýar” diýip, Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Ghebreyesus özüniň ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“Muny bagyşlap bolmaz. Her bir çaga arassa howadan dem alyp ulalmaly. Olar özleriniň potensialyny doly durmuşa geçirip bilmelidir” diýip, Ghebreyesus sözüniň üstüne goşdy.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň maglumatyna görä, planetada her 10 adamdan dokuz sanysy howply derejedäki zäherli howadan dem alýar. Bu bolsa, her ýyl ýedi million adamyň wagtyndan ir dünýäsini çalyşmagyna sebäp bolýar.

Guramanyň beýanatynda hapa howanyň ylaýta-da çagalar üçin howpludygy we munuň dünýäde bäş ýaşyna ýetmedik her 10 çagadan biriniň ölümine sebäp bolýandygy aýdylýar.

Hasabatda garyp ýurtlardaky çagalaryň has ýokary töwekgelçilikdedigi bellenilip, pes we orta derejedäki girdejili döwletlerde bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 98 prosentine hapa howanyň täsir edýändigi aýdylýar. Ýokary girdejili diýlip hasaplanýan ýurtlarda bolsa, bu görkeziji 52 prosente barabardyr.

Mundanam başga, göwreli aýallar hapa howadan dem alanda, olaryň öz göwresindäki çagasyny wagtyndan ir dogurmak ähtimallygy artýar we olar kiçi bäbekleri dünýä indirýärler diýlip, raportda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG