Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubanyň prezidenti üç günlük sapar bilen Moskwa geldi


Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Kanel
Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Kanel

Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Kanel özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin, üç günlük sapar bilen Moskwa geldi.

Sowuk urşy döwrüniň ozalky ýaranlarynyň ikisiniň hem häzir Waşington bilen gatnaşyklary dartgynly bolmagyna galýar.

Prezident Barak Obama döwri Waşington Gawana bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda tagalla edipdi. Emma, 2017-nji ýylyň ýanwarynda häkimiýet başyna Donald Trampyň geçmegi bilen, ýagdaýlar üýtgedi.

1-nji noýabrda Ak Tam Kubany, Wenesuelany we Nikaraguany “üç zalym” atlandyryp, olara garşy maliýe sanksiýalarynyň girizilýändigini hem yglan edipdi.

Sowuk Urşy döwri Moskwa bilen Gawananyň gowy gatnaşyklary bolupdy. Emma, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy we Moskwanyň maliýe hemaýatyny kesmegi bilen özara gatnaşyklar gowşap başlapdy.

Putin 2000-nji we 2014-nji ýyllarda Kuba sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG