Awstriýanyň kansleri Sebastiýan Kurz Belgrada eden saparynyň dowamynda Serbiýanyň we beýleki Balkan döwletleriniň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.
Kurz Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak arzasyny goldaýandygyny aýdyp: “ÝB Günbatar Balkan döwletleri goşulandan soň, gutarnykly bütin bolar” diýip, hem sözüne goşdy.
Mundanam başga, Kurz Belgrad bilen Pristinanyň mundan 10 ýyl ozal Kosowanyň öz garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen baglylykdaky gepleşikleriniň oňaýly çözülmegi, Serbiýanyň ÝB goşulmak ugrundaky prosesinde möhüm rol oýnajakdygyny belledi.
“Serbiýanyň ÝB-niň düzümine girmegi diňe Belgrad bilen Pristinanyň arasyndaky dialogyň oňaýly netije bilen gutarmagy netijesinde mümkin bolar” diýip, Awstriýanyň kansleri nygtady.