Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratlar Wekiller öýünde kontrollygy alýar, respublikanlar Senaty elde saklaýar


Wekiller öýüniň demokrat lideri Nensi Pelosi: “Ertir Amerika üçin täze gün boljakdygyny” jar etdi.

ABŞ-nyň kongres saýlawlarynyň başlangyç netijeleri demokratlaryň Wekiller öýündäki kontrollygy gazanandyklaryny, respublikanlaryň bolsa Senatdaky kontrollygy elde saklap galandyklaryny görkezýär.

Wekiller öýi 435 orunly palatada ýigrimiden gowrak orun köplügini gazanyp, respublikanlaryň kanun çykaryjy guramanyň iki palatasynda hem köplük bolmagyny soňlaýar we bu ýagdaý prezident Trampyň ilkinji möhletiniň galan iki ýylynda barha kän basyşa sezewar bolmak ähtimallygyny görkezýär.

Sebäbi demokratlaryň indi onuň ýerine ýetiriş ygtyýarlyklaryny barlamaga, şol sanda kanun taslamalarynyň öňüni baglamaga, Trampyň salgyt jarnamasy, mümkin bolan bähbit çaknyşyklary ýaly meseleleri derňemäge, Trampyň kömekçileri bilen rus resmileriniň arasynda 2016-njy ýyldaky prezdent saýlary mahalynda bolandygy çaklanýan gatnaşyklara nazar salmaga mümkinçilikleri bolar.

Eger-de 2016-njy ýyldaky kompaniýa mahalynda Orsýet bilen gatnaşyk edilendigi barada ýa-da kanunçylygyň öňüni almak bilen bagly subutnama tapylsa, Trampyň impiç edilmegi, ýagny işden gyrakladylmagy üçin Wekiller öýündäki ýönekeý köplük ýeterlik bolup biler.

Emma Tramp, eger-de respublikanlaryň kontrollygyndaky Senфtda özüne garşy üçden-iki ses berilmese, wezipesinden çetleşdirilip bilinmez.

6-njy noýabrda geçirilen saýlawlaryň netijeleri amerikanlaryň öz hökümetleri babatda nähili böleklere bölünendigini açyp görkezýär.

Tramp 6-njy noýabar güni giçlik çap eden twitter postunda saýlaw netijelerini “ägirt uly üstünlik” diýip häsiýetlendirse, Wekiller öýüniň demokrat lideri Nensi Pelosi, Wekiller öýüniň indiki spikeri bolar öýdülýän syýasatçy “Ertir Amerika üçin täze gün boljakdygyny” jar etdi.

ABŞ-nyň habar serişdeleriniň, döwlet saýlaw departamentleriniň maglumatlary we syýasy ekspertleriň çaklamalary demokratlaryň Wekiller öýünde respublikanlarda bolan kontrollygy ele geçirmekleri üçin zerur bolan 23 orundan kän ýer alyp biljegini öňe sürdi.

Şeýle-de çaklamalar respublikanlaryň demokratlardan Senatda azyndan üç orny alyp biljegini öňe sürdi we bu saýlawlar Trampyň prezidentliginiň ilkinji iki ýyly babatda geçiirlen referenduma çalym etdi.

Saýlawlardan öňki ses berişlikleriň köpüsi demokratlaryň Wekiller öýünde kontrollygy ele geçirmek mümkinçiliginiň güýçlüdigini görkezdi. Emma muňa garamazdan, Senatyň esasan respublikanlaryň kontrollygynda galmagyna garaşyldy.

Trampyň Orsýet bilen baglanyşyklarynyň derňewiniň gaýtadan başlanmagynyň üstesine, Wekiller öýüniň demokratlary Trampyň hökümet agzalarynyň käbiriniň ýüzbe-ýüz bolan etiki problemalaryna hem üns berjege çalym edýär.

Şol bir wagtda, Pelosi demokratlaryň Tramp we respublikanlaryň kontrollygyndaky senat bilen infrastruktura pudagy ýaly, özleriniň prezident bilen bir hörpden goзýan meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge çalyşjakdyklaryny belledi.

"Bizde hasabatlylyk bolar we biz iki partiýalylyga ymtylarys. Biziň hemmämiz bölünişikden ýadadyk” diýip, ol aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG