Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli teatr we kino direktory ogurlukda aýyplanyp, Moskwada sud edilýär


Kirill Serebrennikow
Kirill Serebrennikow

Orsýetli teatr we kino direktory Kirill Serebrennikow Moskwada sud edilýär, eger günäli tapylsa, ol ogurlyk aýyplamasynda 10 ýyla çenli türme tussaglygyna höküme ediler. Serebrennikow özüne ýüklenýän günäleri esassys diýip atlandyrdy.

Serebrennikowyň we “Ýedinji studio” diýilýäniň ýene üç wekiliniň garşysyna geçirilýän sud seljerişligi iki hepde gijikdirilip, Meşanskiý etrap sudunda, 7-nji noýabrda başlandy.

Serebrennikowyň tussag edilmegi Orsýetiň döredijilik adamlarynyň arasynda howsala döretse, günbatarda gahar-gazaba sebäp boldy. Olar rus häkimiýetleriniň prezident Wladimir Putiniň hökümeti bilen oňuşmaýan medeni şahslary nyşana alýandyklaryny öňe sürdüler.

Başda Gogol merkezi teatrynyny nyşana alýan derňewde şaýat hökmünde çagyrylan Serebrennikow 2017-nji ýylyň awgustynda tussag edildi weÝedinji studioda döwlet tarapyndan goýberilen 68 million rubl($1 million) serişdäni ogurlamagy gurnamakda aýyplandy.

Ýedinji studio girdejisiz gurama bolup, 2011-2014-nji ýyllarda döredildi.

XS
SM
MD
LG