Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakarçägede okuwçylardan özlerini 'türkmençilige görä' alyp barmak, çärelere ‘talaba laýyk’ gatnaşmak talap edilýär


Mobil telefonly bir gyz. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 2-nji orta mekdepde ene-atalar bilen geçirilen ýörite ýygnakda, olara çagalaryny döwletiň çärelerine talabalaýyk gatnaşdyrmagy we sosial mediada ýaýradýan tertip-düzgüne gabat gelmeýän materiallaryny çäklendirmegi islenýär. Şeýle-de ýokary klaslaryň okuwçylarynyň ýygyma gatnaşyp belli mukdarda mekdebe pagta getirmeginiň we esasan-da gyzlaryň köpçülik ýerlerinde türkmençilige görä özüni alyp barmagynyň ýola goýulmagy talap edilýär.

Howpsuzlyk sebäpli atlarynyň efirde agzalmazlygyny haýyş edip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan sakarçägeli birnäçe maşgalanyň aýtmagyna görä, şeýle ýygnak 1-nji noýabrda 2-nji orta mekdepde geçirilipdir we olaryň özi hem şoňa gatnaşypdyr.

Ýygnak, Sakarçäge etrap häkimliginiň we bilim bölüminiň işgärleriniň, şeýle-de ýönekeý geýimli özüniň kimdigini tanatmadyk, ýöne etrabyň polisiýasynyň mekdepler baradaky bölüminiň jogapkär işgäri diýip aýdylan resmisi tarapyndan gurnalypdyr.

Ýygnakda, resmiler, olara şeýle ýygnagyň ylaýta-da bu mekdepde geçirilmeginiň sebäbini, okuwçylaryň döwlet çärelerine talabalaýyk gatnaşman beýlekilere ýaramaz görelde bolýandygy we sosial mediada “türkmençilige bap gelmeýändigi aýdylýan” dürli wideolar ýaýradyp köpçüligiň arasynda dürli gep-gürrüňlere sebäp bolýandygy bilen düşündiripdir. Resmiler, ene-atalardan çagalaryň mekdepde “köpçülige ýaramaz görelde bolýan” wideo şekilleri surata düşürip, olaryň sosial mediada ýaýratmagynyň öňüni almagyny talap edipdir. Olar, bu ugurda ene-atalaryň öz çagalary baradaky jogapkärçiligini unudandygyny aýratyn nygtap, berk duýduryş beripdir.

Ýatlasak, sosial mediada ýaýradylan Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 2-nji orta mekdebinde düşürilen wideo klipleriň birinde okuwçylar bezenip-beslenip, gyz-oglanly dürli tanslar edýärler. Mekdep okuwçylarynyň tertip-düzgüni barasynda görülýän çäreler bilen baglanşykly Azatlyk Radiosyna mundan owal Daşoguz welaýatyndan we Aşgabatdan maglumatlar gelip gowuşupdy. Şonda resmileriň okuwçylaryň mobil telefonlaryny ýygnap alyp, onda pornografiýa materiallarynyň bolup-bolmandygyny barlandygy mälim edildi.

Aýdylşyna görä, Sakarçägäniň 2-nji orta mekdebindäki ýygnakda duýduryşlardan soň ene-atalardan 7-nji klasdan başlap ýokary klaslardaky öz çagalaryndan başlap ýygyma gatnaşyp, her gün mekdebe 15kg pagta getirip, döwletiň pagta harmanyna goşant goşmagy haýyş edilipdir.

Ýygnaga gatnaşanlardan bir zenan, ene-atalaryň “Çagalar mekdepde bilim almaly, pagta meýdanlarynda däl. Häzir meýdanlarda pagta hem galmady. Çagalarymyzy meýdanlara iberip eşigini ýyrtdyranymyza degmeýär. Onsuz hem güzeran ýagdaýymyz oňat däl. Näme üçin onsoň şeýle ýagdaýda biz çagalarymyzy pagtasyz meýdanlara ibermeli?” – diýip, ýerli-ýerden resmilere nägilelik bildirendigini aýtdy.

Bir resminiň bolsa ene-atalara: “Çagalaryňyza iň soňky modadaky eginbaşlary alyp bermegi başarýan bolsaňyz, olaryň sosial mediada daşary ýurt tansly dürli eden-etdilikli klip ýasap, ýaýratmagyna rugsat berýän bolsaňyz, biziň döwlet ýolbaşçylary höküminde sizden edýän talaplarymyzy ýerine ýetirmegiňiziň gerekdigini hem unutmaly dälsiňiz” görnüşinde jogap berendigini nygtady.

Ýygnakdan soň Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan käbir sakarçägeli ene-atalar, çagalaryň döwrebap bilim almaga, azat-erkin hereket edip, internet arkaly çäklendirmesiz maglumat edinmäge kanun esasynda hakynyň bardygyny bellemek bilen, etrabyň resmileriniň bu ugurda edýän talaplary bilen ylalaşmaýandyklaryny aýtdylar.

Sözi jemlesek, bu ýagdaý barasynda etrabyň resmileriniň we mekdebiň ýolbaşçylarynyň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG