Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Eýranyň üstünden türkmen gazyny satyn almagy bes etdi


Illýustrasiýa suraty

Baku türkmen gazyny satyn almagy bes edýär diýip, “Natural Gas World” neşiri 6-njy noýabrda habar berdi.

Mundan ozal, Azerbaýjan swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üstünden türkmen gazyny import edýärdi.

Bakuwyň türkmen gazyndan ýüz öwürmeginiň sebäpleri barada Türkmenistanyň, Eýranyň ýa-da Azerbaýjanyň döwlet metbugatynda giňişleýin maglumat berilmeýär.

Eurasianet.org neşiri 8-nji noýabrda çap eden makalasynda Azerbaýjanyň Eýranyň üstünden satyn alýan türkmen gazyna degişli maglumatlara degip geçdi.

“Soňky ýylarda Azerbaýjan öz önümçiliginiň hem-de Gruziýa eksport edilmeli gazyň üstüni ýetirmek üçin, Eýranyň üstünden türkmen gazyny satyn alýardy. Gruziýanyň şu ýyl Azerbaýjandan 2.7 milliard kub metr gaz satyn almagyna garaşylýar” diýip, Eurasianet ýazýar.

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň metbugat wekili Ibrahim Ahmadow neşire beren gürrüňinde öz kompaniýasynyň Eýranyň üstünden gaz satyn almagy bes edendigini gürrüň berip, munuň sebäbini Azerbaýjanyň içerki ýangyç önümçiligiň ýokarlanmagy bilen düşündirdi.

“Biz import edilýän gazyň agramly bölegi bilen tomus aýlarynda gaz saklawhanalarymyzyň üstüni dolduryp, ony soňra gyş aýlarynda talap artanda daşaryk eksport edýärdik” diýip, Ahmadow aýtdy.

Häzirki wagtda Azerbaýjanyň saklawhanalarynda saklanýan mawy ýangyjyň mukdary 3 milliard kub metre barabardyr. Bu barada ýurduň iri energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Eurasianete gürrüň berdi.

2017-nji ýylyň fewral aýynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň bir wekili Azerbaýjana Eýranyň üstünden akdyrylýan türkmen gazynyň möçberiniň ýylda 6 million kub metre deňdigini aýtdy. Şonda Eýran metbugatynda peýda bolan habarlarda Aşgabadyň swap ylalayşygy esasynda Eýranyň üstünden Azerbaýjana we Ermenistana ibermegi göz öňünde tutýan mawy ýangyjynyň mukdaryny ýylda 15 million kub metre ýetirmegi teklip edendigi barada habarlar peýda bolupdy. Aşgabat bu ýagdaýlar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmändi.

Galyberse-de, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üçünji taraplary hem gyzyklandyrýan Trans-hazar gaz geçiriji boýunça gepleşikleriň häzirki ýagdaýy boýunça hiç hili detal mälim däl.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda häzirki wagtda gaz dawasy boýunça halkara arbitraž sud prosesi dowam edýär.

Şu ýylyň awgust aýynda taraplaryň esasy nebit-gaz kompaniýalary birek-biregi halkara arbitraž suduna beripdi.

Türkmenistan 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Eýrana gaz eksport etmegi bes edipdi, ýöne halkara bilermenler türkmen-eýran gaz dawasynyň iki ýurduň arasyndaky swap ylalaşyklaryna täsir etmändigini belläpdi.

Azerbaýjanyň türkmen gazyny import etmegine degişli mümkin bolan beýleki sebäpler boýunça anyk maglumat ýok.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalary şu ýylyň 5-nji noýabr güni güýje giripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG