“Yslam döwleti” topary 7-nji noýabrda Täjigistanyň demirgazygyndaky türmede bolan ganly gozgalaňa öz “soweşijileriniň” biriniň jogapkär bolandygyny öňe sürdi.
YD-nyň beýanaty 8-nji noýabrda, toparyň “Amok” habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy. Neşiriň ýazmagyna görä, türme gozgalaňy 7-nji noýabr güni giçlik, YD agzasy türme goragçysyna hüjüm edeninden soň turupdyr.
Täjik hökümetine we howpsuzlyk resmilerine ýakyn çeşmeler 9-njy noýabrda Azatlyk radiosyna Hojant şäherinde ýerleşýän türmede turan gozgalaňyň dini ekstremizm we terrorçylyk aýyplamalarynda günäli tapylan YD goldawçylary tarapyndan gurnalanadygyny aýtdylar.
Şeýle-de çeşmeler gozgalaň wagtynda azyndan 24 adamyň, şol sanda iki sany türme goragçysynyň öldürilendigini aýtdylar.
Howpsuzlyk çeşmeleri Azatlyga söweşiň bir tussag türme goragçysyna hüjüm edip, ony öldüreninden soň başlandygyny aýtdylar.
Bu hadysadan bäri iki gün geçen-de bolsa, hökümet oňa şindi hem resmi reaksiýa bildirmeýär. Ýerli häkimiýetler diňe gozgalaňyň bolandygyny tassyk etdiler, başga maglumat bermediler.