Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain seperatistleri Kiýew we Günbatar tarapyndan tankytlanan saýlawlary geçirýär


Prezident Petro Poroşenko bu saýlawlar “Orsýetiň ýykgynçylykly işleriniň ýene mysaly bolup durýar” diýdi.

Gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler Kiýew we Günbatar tarapyndan “bikanun” hasaplanylan saýlawlary geçirýärler.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi 11-nji noýabrda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygynydaky Donetsk we Luhansk regionalrynda geçirilýän ses berişlikler 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300-den gowrak adamyň ölümine getiren konflikti soňlamak tagallalaryna päsgel berer diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bu saýlawlar “Orsýetiň ýykgynçylykly işleriniň ýene bir mysaly bolup durýar” diýdi.

Moskwa bu saýlawlaryň zorluklary soňlamaga gönükririlen Minsk şertnamasynyň düzgünlerini bozýandygy bilen ylalaşmaýar.

Saýlawlarda Donetsk regionynyň iş başyndaky ýolbaşçysy, 37 ýaşyndaky Denis Puşiliniň ýeňmegine garaşylýar.

Donetskiniň ozalky separatist lideri Aleksandr Zaharçenko awgustda bolan partlamada öldi.

Goňşulykdaky Luhansk regionynda bolsa, iş başyndaky ýolbaşçy Leonid Paseçnigiň ýeňmegine garaşylýar. 48 ýaşyndaky Paseçnik ukrain howpsuzlyk gullugynyň ozalky regional ýolbaşçysydyr.

Olaryň ikisi-de, Puşilin hem, Paseçnik-de Moskwa bilen berk gatnaşyklary wada berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG