Yragyň demirgazygyndaky Kürdistan özygtyýarly sebitiniň mejlisi üçin 30-njy sentýabrda geçirilen saýlawlarda sebitdäki türkmenler bäş sany halk wekilini saýlady.
Olar, sebitde guruljak 9-njy hökümetde syýasy deňagramlylyk üçin, türkmenler barada ýörite ministrlik bilen primýer-ministre bir türkmen orunbasaryň saýlanmagyny talap edýärler.
6-njy noýabrda täze saýlanan halk wekilleriniň kasam dabarasy geçirildi. Şonda türkmen halk wekilleriniň kürtçäniň gapdalyndan öz ene dilinde kasam okamagy sosial mediada dünýä türkmenleriniň arasynda uly seslenme döretdi.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Yragyň demirgazygynda ýaşaýan türkmenleriň ene dili aladalaryna we problemalaryna gönükdirdi.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.
Teswirleri gör (2)
Has köp teswir ýükle