Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy iki esse ýokarlandy, ‘çöregiň ýeňillikli bahasynyň galmagyna garaşylýar’


Bugdaý we çörek önümleri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Bugdaý we çörek önümleri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda kärendeçileriň döwlete tabşyrýan bugdaýynyň döwlet satyn alyş nyrhy iki esse ýokarlandyryldy. Bu barada türkmen hökümeti bilen ugurdaş habarlary çap edýän ýarym resmi orient.tm saýty ýurduň Oba we suw hojalygy ministrligine salgylanyp, 11-nji noýabrda habar berdi.

Maglumatda aýdylmagyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, 1 tonna bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy 800 manat (dollaryň resmi bahasyndan 228 $, gara bazaryň nyrhyndan 40 $ töweregi) bolar. Mundan ozal döwlet bugdaýyň tonnasyny gallaçy kärendeçilerden 400 manada, ýagny dollaryň resmi kursundan 114 $, gara bazaryň nyrhyndan 20 dollara satyn alýardy.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi oktýabr aýynda beren maglumatynda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň iki esse ýokarlandyryljakdygy barada habar beripdi.

Onuň sözlerine görä, täze kesgitlenen nyrhlaryň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli satylýan çöregiň resmi bahasyna täsir etmegine garaşylýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny yzarlaýan ýerli synçy 31-nji oktýabr güni Azatlyk bilen gürrüňdeşdeşlikde bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy bilen, häzirki wagtda ýerlerde kärendeçileriň tehnika we dökün bilen bagly döwlete töleýän tölegleriniň ýokarlanmagyndan hem howatyr edýändigini gürrüň beripdi.

Hökümetçi neşir Oba we suw hojalygy ministrligindäki hünärmenleriň ýöredýän hasabyndan çen tutup, täze kesgitlenen nyrhlaryň kärendeçilere 20 % has köp girdeji getirjekdigini aýdýar.

25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň I Mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, käbir çözgütleri teklip etdi. Hödürlenen çözgütleriň hatarynda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Yzýany 5-nji oktýabr güni prezident bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap ýokarlandyrmak boýunça karara gol çekdi. Ýöne täze nyrhlar boýunça takyk san aýdylmady.

Türkmen resmileri bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň kärendeçileri höweslendirjekdigini aýdýar, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçi daýhanlar özlerine tabşyrylan ýerleriň indi birnäçe ýyl bäri girdeji getirmeýändigini gürrüň berýärler.

Türkmenistan yzly-yzyna iki ýyl bäri bugdaý planyny dolup bilmäni gelýär. Üstesine, soňky aýlarda ýerli ilat ýiti un-çörek ýetmezçiligine sezewar bolýar, käbir regionlarda azyk önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär. Bulara barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýär.

2019-njy ýylda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň galdyrylmagynyň çöregiň döwlet bahasyna täsir etmegine garaşylýan wagty, bu waka aýakdaşlykda, oktýabryň başynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy resmi çeşmelere salgylanyp, üstümizdäki ýylyň başyndan awtoulag ýangyjynyň bahasynyň hem iki esse gymmatlamagyna garaşylýandygyny habar berdi.

9-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda döwlet baştutany 2019-njy ýyla ynamly gadam urmagyň möhümdigini belledi. Mundan ozal, Türkmenistanyň raýatlary täze ýyly döwlet derejesinde girizilýän garaşylmadyk täzelik bilen garşy alyp görüpdi.

Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde bugdaýyň täze nyrhy barada resmi sanlar heniz çap edilmedi.

XS
SM
MD
LG