Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda benziniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýar


Ýangyç stansiýasy, Türkmenistan
Ýangyç stansiýasy, Türkmenistan

Türkmenistanda benziniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň käbir resmi çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, ýurt häkimiýetleri awtoulag ýangyjynyň indiki ýyldan gymmatlajagyny aýdýarlar.

"Benziň bahasynyň iki esse galmagy mümkin. A 95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 manatdan 3 manada ýeter. A 80 markaly benziniň bir litri 1.2 manatdan 2.5 manada çenli gymmatlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan Balkan welaýatyndaky resmi çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan resmi taýdan häzirlikçe tassykladyp bilmedi.

Şol bir wagtda-da, ýurduň ýangyç stansiýalarynda ulag sürüjilere benziniň çäkli möçberde satylýandygyny habarçylarymyz aýdýarlar.

"Edil häzirki pursatda welaýatlarda ýangyç stansiýalar her bir ulaga 5-10 litrden benzin berýärler. Geçen gezek benziniň gymmatlamagynyň öňüsyrasynda hem şeýle bolupdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanda benziniň bahasy fewralda 50% gymmatlapdy. A-95 markaly ýangyjyň 1 litriniň bahasy 1,5 manatdan satylar. Emma şonda-da benziniň gymmatlamagy barada döwlet mediasynda hiç hili maglumat berilmändi.

Türkmenistanda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygy baradaky habar prezidentiň Halk Maslahatynda döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşmagynyň zerurlygy barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow, ilat üçin ýeňillikleriň "agyr geçiş döwründe girizilendigini", emma indi "döwrüň üýtgändigini" bellemek bilen, hususan-da öý hojalyk hyzmatlaryna tölegleriň "täze şertlere" görä "sazlaşdyrylmagyny" talap etdi.

Türkmenistanyň döwlet baştutany 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynda öňe süren bu pikirlerini geçen ýylda gaz, tok, suw mugtçulygyny doly ýatyrmagy karar etmeginiň öňüsyrasynda hem mälim edipdi. Şondan soň ýurtda kommunal hyzmatlaryň bahasy ençeme esse ýokarlandy, yzýany benzin gymmatlady, azyk harytlary gytaldy we gymmatlady.

Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri awtoulag ýangyjy gymmatlasa ähli harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň hem dessine ýokarlanjagyny çak edýärler.

"Unuň we pagta ýagynyň döwlet bahalarynyň 100% ýokarlanmagyna garaşylýar. Häzir döwlet bahasyndan 1 manada durýan unuň 1 kilogrammy 2 manat bolar. Bir litri 4 manada durýan pagta ýagy 7-8 manada ýeter" diýip, Azatlygyň çeşmeleriniň biri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleriň birnäçesi Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň iki esse gymmatlamagyna garaşylýandygyny birnäçe aý bäri habar berýärler. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri, hususan-da Aşgabadyň 67-nji çagalar bagynda aýlyk tölegleriň 160 manada ýetjekdigini ene-atalara yglan edilendigini habar beripdi.

Ýatlatsak, türkmen prezidentiniň ilat üçin sosial ýeňillikleri ýatyrmak hakyndaky geçen ýylky kararynyň yzýany Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8-10 esse ýokarlandyrylypdy.

Geçen ýylda beniniň gymmatlamagyndan soň ýurtda ýangyç gytçylygy döräpdi, jemgyýetçilik transportynyň, hususy taksileriň bahasy gymmatlapdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen badyna ýurduň ilaty üçin belli bir möçberde mugt benzin beripdi, emma satuwdaky benziniň bahasyny 8 esse gymmatladypdy. Benzin mugtçulygy 2014-nji ýylda ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG