Şu ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan şaýy musulmanlaryň millionlarçasy Yragyň Karbala şäherindäki mukaddesliklere zyýarat etdi.
Bu şäherde oktýabryň aýagynda geçirilýän Arbaeen atly dabara ýylda millionlarça adamy özüne çekýär. Zyýaratçylar şaýy ymamlary Muhammet pygamberiň agtygy ymam Huseýn we onuň dogany Abbasyň guburlaryna barýarlar.
Zyýaratçylaryň Karbala pyýada ýöräp barýan ýoly bu şäherden 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Najafdan ýa-da 90 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bagdatdan başlanýar.
Zyýaratçylaryň ýolda dynç almagy üçin ýörite çadyrlar dikilýär.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Yragyň hökümeti "Yslam döwleti" toparyny ýeňendigini yglan eden hem bolsa, ýurtda gozgalaňçylaryň hüjümleriniň howpy saklanýar. Emma howpsuzlyk problemasyna garamazdan, Karbala barýan zyýaratçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Ozalky ýyllarda Yragyň hökümeti baýramçylygyň dowamynda Karbala şäherine 10-20 müň adamyň barandygyny habar beripdi. 2018-nji ýylyň sanlary entek çap edilmedi.
Yragyň resmi habar beriş serişdeleri soňky gezek Arbaeen baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralara 22 million adamyň gatnaşandygyny, munuň haj zyýaratyna şol ýyl jemlenenlerden birnäçe esse köp bolandygyny habar beripdi.
Media maglumatlaryna görä, Eýranyň dini meseleler boýunça resmisi Hussein Zulfighari şu ýyl 1.7 million eýranlynyň Karbala zyýarat etmek üçin Yragyň serhedinden geçendigini mälim edipdir.
Turkmenistanyn Iceri Isler ministrliginin adyny GALTAMANLAR diyip uytgetmeli. Birwagytlar Yoldaky talancylardan tapawudy yok. Hazir arza etsenem ozuni nadogry edip goyberyan Prokurotura isgarlerem Galtamanlardan tapawudy yok. Garaz gozgalan cikmasa duzelmez bu zatlar.. Gailer dagyn Mary Bayramaly yolun arasynda 20 yerde dur. Biri dokument barlan bolup yurege dusse biri radar tutya gizlenip. Talancylyk maksatly edilyan zatlar. Jerime salmagyn maksadyna layik gelmeyan isler.. Alla sabyr bersin Halka.......
Ну зачем удивляются ментам тоже надо кушать да и начальство кормить вот и выкручиваются. Эхх жаль мне народ мой нету у нас толковых лидеров и новых не воспитывают чтобы о народе и стране заботился, а не книги писал и песни пел. Не любили Сашку но при нём не голодал народ и с экономикой норм был а "этот" ... Всё не могу больше
Polisiya ishgarlerinin bu eden-etdilikleri hacan gutarar-ka gozel yurdumyzda???