Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

89 ýaşyndaky ýazyjynyň 40 ýyl ozal ýatyrylan raýatlygyny dikeltmek teklip edilýär


Milan Kundera (ortdada), 2010, Pariž.

Çehiýanyň premýer-ministri Fransiýada bosgunlykda ýaşaýan çeh ýazyjysy Milan Kunderanyň kyrk ýyl ozal, ýurduň kommunist hökümeti tarapyndan ýatyrylan çeh raýatlygyny dikeltmegi teklip edýär.

Premýer-ministr Andrej Babis 10-njy noýabrda Parižde, 1918-nji ýylda soňlanan I Jahan urşunyň bir asyrlyk ýatlama gününe gabat geçirilýän dabarada çykyş edip, 89 ýaşyndaky ýzyjynyň “öz raýatlygyna gaýtadan eýe bolamaga mynasypdygyny” aýtdy.

Kundera we onuň aýaly Wera öz raýatlyklaryny 1979-nji ýylda, Çehoslowakiýanyň sowet zamanasyndaky kommunist režimi döwründe ýitirdi.

Emma soň 20-nji asyryň birnäçe ilhalar romanynyň awtory bolan Kunderanyň ýanalmalary has öň, 1950-nji ýylda, “anti-kommunist hereketleri” üçin partiýadan çykarylmagy bilen başlanypdy. Soňy bilen ol häkimiýetler tarapyndan iň bir ýigrenilýän adamlaryň birine öwrüldi we ahyrynda 1975-nji ýylda Çehoslowakiýany terk etdi.

1979-njy ýylda çeh raýatlygy ýatyrylandan iki ýyl soň, Kundera fransuz raýatlygyny aldy.Onuň kitaplary, şol sanda çehoslowak režimi astynda ýaşaýan raýatlaryň durmuşyny açyp görkezýän “Durmuşyň çekip bolmajak ýeňilligi” we “Gülkiniň we unutmagyň kitaby” öz dogduk ýurdunda 80-nji ýyllaryň ahyryna çenli gadaganlykda saklandy.

Çehiýanyň premýer-ministriniň feýsbuk sahypasynda çap edilen maglumata görä, Babis geçen hepdäniň ahyrynda ýazyjy we onuň aýaly bilen ilki olaryň öýlerinde duşuşyp, soň gowy görýän restoranlarynda oturyp, söhbetdeş boldy.

“Bu meniň üçin uly hormat-sylag boldy” diýip, Babis geljek ýyl 90 ýaşy dolýan ýazyjy bilen duşuşandan soň ýazdy.

Metbugat habarlaryndan belli bolşuna görä,“Çeh, fransuz we dünýä edebiýatynyň rowaýaty” hökmünde, Kunderanyň ady köplenç Nobel baýragyna dalaşgärleriň arasynda agzalýar.

Babis Kunderalary Çeh respublikasyna sapara çagyrandygyny, ýazyjynyň öz ýurdunda 22 ýyllap bolmandygyny aýtdy.

Çeh metbugatynyň habarlary Kunderanyň bu çakylyga “anyk” bir jogap bermändigini belleýär. Emma Babis Kunderalaryň bu proseduralar “beýle kän kagyz işlerini” talap etmez-dä diýip, umyt bildirendiklerini aýtdy.

Mediadan çekeräk duranyny gowy görýän Kundera 1984-nji ýylda “New York Times” bilen söhbetdeşlikde “öý” (ýurt -red.belligi) ideýasynyň özi üçin “örän ikuçly bir zatdygyny” aýtdy.

Milan Kunderanyň türk dilinde çap edilen kitabynyň jildi
Milan Kunderanyň türk dilinde çap edilen kitabynyň jildi

Şu günki günde Praganyň kitap dükanlarynda Milan Kunderanyň çeh we iňlis dillerinde, gowy jiltde cap edilen kitaplary hatar-hatar bolup dur. Ýazyjynyň kitaplary başga ýurtlarda, şol sanda türk dilinde hem çap edildi.

XS
SM
MD
LG